HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça halkara ylmy taslamalar bäsleşigi geçiriler

Maý 06, 2026 | 15:10 |6714
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarS. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar
Çeşme: bilim.tm

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanýar.

Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde iki tapgyrda geçiriler. Gatnaşyjylar (ýekelikde ýa-da jübüt bolup) aşakdaky alty ugur boýunça öz taslamalaryny hödürläp bilerler:

  • Açlygy ýok etmek;

  • Arassa suw we arassaçylyk;

  • Elýeterli we arassa energiýa;

  • Howanyň üýtgemegine garşy göreş;

  • Deňiz ekologik ulgamyny gorap saklamak;

  • Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak.

Gatnaşmagyň möhletleri we tertibi

Birinji tapgyra gatnaşmak üçin 10-njy maýa çenli ylmy işi guramaçylyk toparynyň elektron salgysyna ibermeli: science.tm2024@gmail.com. Jemleýji tapgyra geçen iň gowy taslamalaryň sanawy 20-nji maýda uniwersitetiň resmi web-saýtynda çap ediler.

Ikinji tapgyr 1–5-nji iýun aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler. Jemleýji tapgyra çykanlar öz taslamalaryny bilermenler toparyna hödürlärler. Eminler işleri täzeçillik we ylmylyk, durmuşa ornaşyrmagyň mümkinçilikleri we önümçilik ähmiýeti boýunça bahalandyrarlar.

Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar, şeýle hem S. A. Nyýazow adyndaky TOHU tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar. Işleriň resmileşdiriliş talaplary barada giňişleýin maglumaty tohu.edu.tm web-saýtynyň «Halkara bäsleşik — 2026» bölüminde tapyp bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026