HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly talyplar Sankt-Peterburgda geçirilen matematika bäsleşiginde kümüş medala mynasyp boldular

Maý 03, 2026 | 18:07 |10815
26–28-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilen NCUMC-2026 atly 12-nji Halkara matematika bäsleşiginde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplary bilen bäsleşip, ýeňijileriň hataryna girdiler26–28-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilen NCUMC-2026 atly 12-nji Halkara matematika bäsleşiginde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplary bilen bäsleşip, ýeňijileriň hataryna girdiler
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanly talyplar abraýly halkara meýdançada ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi. 26–28-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilen NCUMC-2026 atly 12-nji Halkara matematika bäsleşiginde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplary bilen bäsleşip, ýeňijileriň hataryna girdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary aýratyn üstünlik gazandylar: Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby Haýytmuhammedow Yslam we Nebit we gaz fakultetiniň talyby Myratgeldiýew Halmyrat kümüş medallar bilen sylaglandylar. Bu üstünlikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy.

Maglumat tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersiteti tarapyndan guralan bäsleşik Awstriýa, Beýik Britaniýa, Polşa, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa we beýleki ýurtlardan zehinli ýaşlary jemledi. Bu bilim bäsleşiginde Türkmenistanyň wekilleri hökmünde ykdysady, oba hojalyk, energetika we inžener-tehnologiýa ýokary okuw mekdepleriniň toparlary hem gatnaşdy.

Halkara derejedäki bu üstünlikler bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesidir. Sankt-Peterburgda gazanylan ýeňişler ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň mümkinçilikleriniň artýandygyny hem-de olaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026