Aşgabatda Brass Power atly jaz toparynyň premýerasy geçiriler

Aprel 26, 2026 | 00:40 |7713
Paýtagtymyzyň saz muşdaklaryny ajaýyp aýdym-saz wakasy garaşýar: 5-nji maýda “Arkaç” söwda merkeziniň “Iş nokady” koworking merkezinde Brass Power atly täze topar ilkinji gezek çykyş ederPaýtagtymyzyň saz muşdaklaryny ajaýyp aýdym-saz wakasy garaşýar: 5-nji maýda “Arkaç” söwda merkeziniň “Iş nokady” koworking merkezinde Brass Power atly täze topar ilkinji gezek çykyş eder
Çeşme: orient.tm

Paýtagtymyzyň saz muşdaklaryny ajaýyp aýdym-saz wakasy garaşýar: 5-nji maýda “Arkaç” söwda merkeziniň “Iş nokady” koworking merkezinde Brass Power atly täze topar ilkinji gezek çykyş eder.

Toparyň düzümine halkara bäsleşikleriň ýeňijileri bolan tanymal ussat sazandalar girýär:

Döwran Gylyjow (trombon);

Babaguly Goşaýew, Meýlis Ataýew, Ysmaýyl Atakow (truba);

Maksat Akmyradow (waltorna);

Resul Çaryýew (urguly saz gurallary).

Agşamky maksatnama misli üflenýän saz gurallarynyň güýçli energiýasyny, meşhur kinofilmlerden sazlary hem-de nusgawy jaz kompozisiýalaryny özboluşly ýerine ýetirişde birleşdirer.

Myhmanlar üçin maglumat:

Sene we wagt: 5-nji maý, sagat 19:00.

Geçiriljek ýeri: “Arkaç” söwda merkezi, “Iş nokady” koworking zaly.

Biletleri çäräniň resmi afişasynda görkezilen telefon belgileri arkaly satyn alyp bolýar.