HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Näme üçin türkmen filmi Astanada tomaşaçylaryň göwnünden turdy?

Aprel 25, 2026 | 07:32 |26343
Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026 EXPO) çäklerinde “Astana Eco Film Festival” kinofestiwalynyň jemleri jemlendi. Emin agzalary professional ugurlary boýunça baýraklary paýlaýan wagty, Türkmenistandan baran film tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. “Tomaşaçylaryň göwnünden turan iň oňat film” baýragy Bekdurdy Amansaryýewiň “Günüň we Suwuň çagalary” atly dokumental filmine berildiAstanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026 EXPO) çäklerinde “Astana Eco Film Festival” kinofestiwalynyň jemleri jemlendi. Emin agzalary professional ugurlary boýunça baýraklary paýlaýan wagty, Türkmenistandan baran film tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. “Tomaşaçylaryň göwnünden turan iň oňat film” baýragy Bekdurdy Amansaryýewiň “Günüň we Suwuň çagalary” atly dokumental filmine berildi
Çeşme: “Günüň we Suwuň çagalary” filminden pursatlar / orient.tm

Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026 EXPO) çäklerinde “Astana Eco Film Festival” kinofestiwalynyň jemleri jemlendi. Emin agzalary professional ugurlary boýunça baýraklary paýlaýan wagty, Türkmenistandan baran film tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. “Tomaşaçylaryň göwnünden turan iň oňat film” baýragy Bekdurdy Amansaryýewiň “Günüň we Suwuň çagalary” atly dokumental filmine berildi.

deti-solntsa-i-vody-turkmenistan (2).jpg

Bäsleşige hödürlenen köp sanly işler häzirki döwrüň çagyryşlaryna ünsi jemlän bolsa, “Türkmenfilm” birleşiginiň önümi bolan bu film tomaşaça has uly zady — wagtyň dowamatlylygyny hödürledi. Film türkmenleriň suwdan peýdalanmak medeniýetini bürünç eýýamyndan başlap, biziň günlerimize çenli bolan aralykda öwrenýär.

deti-solntsa-i-vody-turkmenistan (3).jpg

Gürrüň berilýän wakalaryň özeni dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi — gadymy Marguş (Margiana) boldy. Edil şu ýerde, Goňurdepe şäherjiginde suwuň we topragyň arassylylygy iň ýokary mukaddeslik derejesine göterilen zoroastrizmiň pelsepewi-ahlak esaslary kemala gelipdir.

deti-solntsa-i-vody-turkmenistan (6).jpg

Tomaşaçylary diňe bir Türkmenistanyň gözel künjeklerinde düşürilen wideoýazgylaryň şekilleriniň owadanlygy däl, eýsem filmiň çuňňur intellektual mazmuny hem haýran galdyrdy. Gadymy gündogar pähimi tutuş filmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär:

“Kiçijik mör-möjügiň ömri çäksiz Äleme nähili bagly bolsa, çäksiz Älem hem şol kiçijik mör-möjüge şonça baglydyr”.

deti-solntsa-i-vody-turkmenistan (5).jpg

Bu film diňe bir ekologiýa manifesti däl-de, eýsem bir öňünden duýduryşdyr. Filmde häzirki döwrüň adamlaryna ýüzlenme hökmünde ýaňlanýan — «Eger älemiň bu sazlaşygyny bozmasak, onda bar bolan zatlaryň ählisi Ýaradanyň kanunlary boýunça öser» — diýen sözler, ekologiýa hasabatlarynyň gury sanlaryndan ýadan halkara tomaşaçylarynyň kalbynda uly seslenme döretdi.

Dünýä belli arheologiýa we taryh boýunça alymlarynyň gatnaşmagy filme aýratyn ynamdarlyk berdi. Wiktor Sarianidiniň açyşlarynyň ähmiýeti we Marguş ýurdunyň mirasy barada taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa (Russiýa), professor Mattias Wemhoff we doktor Anton Gass (Germaniýa) öz pikirlerini beýan edýärler. Olaryň gatnaşmagy bir zady tassyklaýar: Türkmenistan şu günki günde diňe bir suw meselelerini çözmän, eýsem adamzat müňlerçe ýyl ozal tebigat bilen sazlaşykda nähili ýaşap galandygyna düşünmek üçin zerur bolan ylymlaryň açaryny hem aýawly saklaýar.

deti-solntsa-i-vody-turkmenistan (8).jpg

deti-solntsa-i-vody-turkmenistan (9).jpg

Belliklemeli zat, «Günüň we Suwuň çagalary» filmi dolulygyna awtorlyk garaýyşdyr. Bekdurdy Amansaryýew diňe bir režisýor we ssenariýaçy hökmünde çykyş etmän, eýsem kompozitor hökmünde-de çykyş etdi: film üçin ýörite ýazylan saz festiwalyň tomaşaçylaryna özlerini taryhyň bitewi we janly akymynyň bir bölegi hökmünde duýmaga mümkinçilik beren şol meditatiw gurşawy döredýär.

deti-solntsa-i-vody-turkmenistan (7).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026