HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Windows 11-iň täzelenen wersiýasynda Xbox Mode we içerki emeli aň agenti peýda boldy

Aprel 22, 2026 | 19:30 |4925
Microsoft Windows 11-iň täze ýygyndysyny (26200.8313) hödürledi. Bu täzelenmede ýalňyşlyklary düzetmek bilen bir hatarda, oýunlara we emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilen birnäçe täze funksiýalar girizildiMicrosoft Windows 11-iň täze ýygyndysyny (26200.8313) hödürledi. Bu täzelenmede ýalňyşlyklary düzetmek bilen bir hatarda, oýunlara we emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilen birnäçe täze funksiýalar girizildi
Çeşme: google.com

Microsoft Windows 11-iň täze ýygyndysyny (26200.8313) hödürledi. Bu täzelenmede ýalňyşlyklary düzetmek bilen bir hatarda, oýunlara we emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilen birnäçe täze funksiýalar girizildi.

Esasy täzelikleriň biri — Xbox Mode tertibi. Bu oýunlar bilen özara gatnaşygy ýeňilleşdirýän doly ekran interfeýs bolup, Win+F11 düwmeleriniň utgaşmasy arkaly işjeňleşdirilýär. Bu çözgüt adaty kompýuterler bilen bir hatarda, ROG Ally ýaly göçme oýun enjamlaryna hem uýgunlaşdyrylandyr.

Şeýle-de ulgama içerki emeli aň agenti goşuldy. Ol gözleg häsiýetli fon meselelerini ýerine ýetirip, tamamlanandan soň ulanyja habarnama iberýär. ChatGPT we Gemini ýaly daşarky emeli aň hyzmatlaryndan tapawutlylykda, bu agent Windows ulgamyna doly integrirlenip, Microsoft-yň bulut infrastrukturasyna, şol sanda OneDrive bilen baglanyşyklydyr.

Emeli aň agentine giriş Microsoft 365 Copilot abunaçylygynyň çäginde üpjün edilýär. Bu tehnologiýa MCP protokoly esasynda döredilip, üçünji tarap işläp düzüjilere öz çözgütlerini Windows ekoulgamyna goşmak mümkinçiliklerini açýar.

Täzelenme “Geçiriji” ("Prowodnik") programmasynyň işiniň optimizasiýasyny, interfeýsiň tiz jogap bermegini we birnäçe ulgam ýalňyşlyklarynyň, şol sanda wizual näsazlyklaryň hem-de programmalar awtozagruzkada haýal işe düşmeginiň düzedilmegini öz içine alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026