HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi bilen Abuali ibni Sino adyndaky Täjigistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylygynyň arasynda duşuşyk geçirildi

Aprel 18, 2026 | 23:55 |9149
Abuali ibni Sino adyndaky Täjigistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen uniwersitetiň rektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Muhiddin Nuriddin Dawlatali bilen duşuşyk geçirildiAbuali ibni Sino adyndaky Täjigistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen uniwersitetiň rektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Muhiddin Nuriddin Dawlatali bilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy

Abuali ibni Sino adyndaky Täjigistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen uniwersitetiň rektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Muhiddin Nuriddin Dawlatali bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwlet baştutanlarynyň üns-aladasy netijesinde ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýän türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, akademiki alyş-çalyşlar we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklar barada aýratyn durlup geçildi.

Состоялась встреча Посла Туркменистана с руководством Таджикского

Taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bar bolan hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň ähmiýetini nygtap, gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem 2010-njy ýylyň 18-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu uniwersitete amala aşyrylan saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm sahypasy bolandygy bellenildi. Saparyň dowamynda professor-mugallymlar bilen duşuşyk geçirilip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly professory diýen at dakyldy.

Duşuşygyň ahyrynda uniwersitetiň talyplaryna – 2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Halkara internet biologiýa olimpiadasynyň ýeňijilerine sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça uniwersitetiň 35 talyby baýrakly orunlara mynasyp boldy, olaryň 12-si medal, 23-si bolsa sertifikat bilen sylaglanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda uniwersitetiň rektoryna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik dilinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaby gowşuryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026