HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dande kebap: Kermanşah aşpezleriniň goýun gapyrgalarynyň syry

Aprel 19, 2026 | 11:15 |7403
Dande kebap (goýun gapyrgalaryndan taýýarlanan kebap) — Eýranyň günbataryndaky Kermanşah welaýatynyň iň meşhur we tagamly naharlarynyň biridirDande kebap (goýun gapyrgalaryndan taýýarlanan kebap) — Eýranyň günbataryndaky Kermanşah welaýatynyň iň meşhur we tagamly naharlarynyň biridir
Çeşme: orient.tm

Dande kebap (goýun gapyrgalaryndan taýýarlanan kebap) — Eýranyň günbataryndaky Kermanşah welaýatynyň iň meşhur we tagamly naharlarynyň biridir. Ýerli aşpezler onuň taýýarlanyş usulynyň syrlaryny paýlaşýarlar.

Dande kebap Kermanşah aşhanasynyň nyşany hasaplanýar. Ol düzümi boýunça şiş kebaba meňzeýär, ýöne marinadynyň aýratynlygy we gowrulýan wagtynda etiň üstüne çalynýan sousy bilen tapawutlanýar.

Adaty usul:

• takmynan 1 kg goýun gapyrgasy

• kebap üçin şampur

• pomidor pastasy, limon şiresi, şafran, duz, burç, ýag

Taýýarlanyşy:

• Eti 3–4 sany uzyn şampura dik ýagdaýda dakýarlar, şeýlelikde onuň görnüşi saklanýar.

• Ýiti pyçak bilen etiň ýüzünde ownuk kesikler edýärler we birnäçe sagat (iň gowusy — bir hepde çenli) sowadyjyda saklaýarlar.

• Sous taýýarlamak üçin ýag gyzdyrylýar, pomidor pastasy gowrulýar, soňra duz, burç, limon şiresi we şafran goşulyp goýaldylýar.

• Gapyrgalar orta güýçli közde bişirilýär we yzygiderli iki tarapyndan sous bilen ýaglanýar.

Aşpezleriň maslahatlary:

• Gapyrgadaky ýag aýrylmaýar — ol eti şireli edýär.

• Şampurlar ýa-da gözenek közüň üstünden azyndan 8 sm ýokarda ýerleşdirilýär.

• Eti ýygy-ýygydan öwürmeli däl, ýöne onuň ýanmazlygyna gözegçilik etmeli.

Dande kebap adatça tüwi ýa-da täze çörek bilen, sogan, limon ýa-da turşy apelsin bölekleri bilen bezelen ýagdaýda hödürlenýär. Kermanşahyň myhmanlary bu nahary köp restoranlarda, esasanam, taryhy Tak-e Bostan ýadygärliginiň sebitinde dadyp bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026