HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO kafedrasy açyldy

Aprel 16, 2026 | 20:45 |7865
15-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi15-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi
Çeşme: orient.tm

15-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasynyň çäginde plenar mejlis geçirildi, şeýle hem toý bagyny kesmek dabarasy boldy. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym we bilim edaralarynyň gazanan üstünlikleriniň sergisi hem-de medeni maksatnama bilen tanyşdylar.

открытия кафедры ЮНЕСКО «Цифровая наука»

Gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow çykyş etdi. Şeýle hem çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory Durdymyrat Gadamow çykyş etdiler.

открытия кафедры ЮНЕСКО «Цифровая наука»

Çynar Rüstemowa öz çykyşynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady:

«Ýakyn geljekde sanly ylym, medeniýet, ekologiýa we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlarda ÝUNESKO bilen bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar».

открытия кафедры ЮНЕСКО «Цифровая наука»

Ol ÝUNESKO kafedralarynyň bilim we ylym ulgamyndaky ähmiýeti barada hem belläp geçdi:

«Kafedralaryň esasy maksady ylmy barlaglary ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr».

Aýratyn bellenilişi ýaly, täze kafedranyň açylmagy bu ugruň ösüşinde nobatdaky möhüm ädim boldy:

«Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Sanly ylym” atly üçünji ÝUNESKO kafedrasy açylýar».

Täze kafedranyň döredilmegi ylmy ugurda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly barlaglary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Kafedranyň işi täze nesil hünärmenleri taýýarlamakda we ylmy başlangyçlary halkara derejede öňe sürmekde möhüm platforma bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

20:00 Sentýabr 17, 2026
Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

17:00 Sentýabr 17, 2026
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026