Gün, gum we 2000 ýyllyk taryh: Antalýanyň gadymy Riwerasyny açyň


Antalýa, “Türkiýäniň syýahatçylyk paýtagty” hökmünde tanalyp, 2026-njy ýylda açyk asmanyň astyndaky muzeý derejesini ýene-de tassyklaýar. Likiýa, Pamfiliýa we Pisidiýa ýaly gadymy sebitleriň çatrygynda ýerleşýän bu ýer syýahatçylara mermer harabalyklardan başlap, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen ýadygärliklere çenli müňýyllyklaryň içinden geçýän täsin ugry hödürleýär.
Medeni-taryhy syýahatçylyk häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän ugurlarynyň biridir. Barlaglara görä, 2033-nji ýyla çenli bu bazaryň möçberi 936,97 milliard ABŞ dollaryna ýetjek diýlip garaşylýar. Türkiýe bu ugurda öňdebaryjy orunlary eýeleýär, sebäbi Anadoly köp sanly siwilizasiýalaryň beýik ojagy bolup durýar.

Likiýanyň rowaýatlary: demokratiýadan Santa Klausa çenli
Geçmişe syýahat etmek üçin ýoly gadymy Likiýa gülläp ösen ebitiň günbatar böleginden başlamak maslahat berilýär:
• Ksantos we Letoon: Likiýanyň paýtagty we onuň mukaddes dini merkezi bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen. Bu ýerde tapylan ýazgylar alymlara syrly likiýa dilini çözmäge mümkinçilik berdi.
• Patara: Taryh bilen tebigaty birleşdirýän özboluşly ýer. Bu ýerde Likiýa birleşiginiň mejlisleri geçirilen Bulewterion ýerleşýär — adamzat taryhynda wekilçilikli demokratiýanyň ilkinji nusgalarynyň biri. Şeýle-de Patara Mukaddes Nikolaýyň (Santa Klausyň prototipi) doglan ýeri hasaplanýar we 18 km uzynlygyndaky kenary bilen meşhurdyr. Bu kenar seýrek duş gelýän deňiz pyşbagalarynyň höwürtgeleýän goraghanasydyr.
• Мira: Gaýalaryň içinde oýulyp ýasalan, nepis nagyşly mazarlar bilen özüne çekýän şäher. Bu ýerde keramatlaryny ýerine ýetiren Mukaddes Nikolaýyň ybadathanasy hem ýerleşýär.

Pamfiliýanyň hazynalary: binagärligiň ýeňşi
Gündogara tarap hereket edeniňizde, siz Rim döwrüniň beýikligine aralaşarsyňyz:
• Perge: Ortaýer deňziniň iň gowy saklanyp galan şäherleriniň biri. Myhmanlary uly sütünli köçeler, rim hammamlary we bir wagtlar 12 000 tomaşaça niýetlenen ägirt uly stadion garşy alýar. Gadymy döwürde şäheri görnükli zenanlar dolandyran, häzirki wagtda bolsa ol “Mukaddes Pawlyň ýoly” boýunça möhüm nokat bolup galýar.
• Side: Pamfiliýanyň iň möhüm portlarynyň biri. Bu ýerde gezelenç meşhur Apollon ybadathanasynyň harabalyklarynyň ýanynda tamamlanýar. Gün batyşynyň fonunda ybadathananyň sütünleriniň görnüşi Antaliýanyň ebedi gözelliginiň nyşanyna öwrüldi.
Gün batyşyndan soň gadymy jady
2026-njy ýylyň tomus möwsüminiň esasy artykmaçlyklarynyň biri “Gije muzeýleri” başlangyjynyň ösdürilmegi boldy. Syýahatçylar gündizki yssydan gaça durup biler ýaly, köp sanly ýadygärlikleriň iş wagty uzaldyldy:
• Aspendos, Patara we Side — 22:00-a çenli açyk.
• Perge, Mira we Side Arheologiýa muzeýi — 21:00-a çenli myhmanlary kabul edýär.
Bu gadymy teatrlary we ybadathanalary çeper yşyklandyryşyň şöhlesinde görmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup, ol antik harabalyklara aýratyn täsinlik berýär.
ORIENT








