HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çenduda dron sporty boýunça dünýäde ilkinji ýaryşlar başlandy

Aprel 15, 2026 | 00:10 |4506
Çeşme: orient.tm

Şenbe güni Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynyň merkezi bolan Çendu şäherinde dron sporty boýunça halkara ýaryşlaryna badalga berildi. Bu ýaryşda bütin dünýäden gelen dron pilotlary tehnologiýa we sport bäsleşigini özünde jemleýän “howa bäsleşigine” gatnaşdylar.

Resmi taýdan ilkinji Bütindünýä dron oýunlary hökmünde tanalýan bu sport ýaryşlary Hytaýyň aragatnaşyk senagaty assosiasiýasy we Hytaýyň elektron ylymlary we tehnologiýalary uniwersiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa bütin dünýäden 443 topar gatnaşyp, dronlar bilen agyr atletika, gylyçlaşmak we basketbol ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, ilkinji Bütindünýä dron oýunlary tapgyrlaýyn geçirilýär. Şenbe güni geçirilen birinji tapgyrdan soňra, indiki bäsleşikler 18-nji we 25-nji aprelde bolar.

Dron-basketbol ýaryşlary Oýunlaryň iň esasy wakalarynyň biridir. Gatnaşyjy dronlar howada çalasynlyk bilen hereket edip, sebede dürs zyňyşlary amala aşyrdylar we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna hem-de şatlyklygyna mynasyp boldular.

Ýaryşyň düzgünlerine görä, şar şekilli dron diňe bir sebede dürs düşmän, eýsem, utuklaryň hasaplanmagy üçin bellenen nokatda durnukly gonmagy hem başarmaly — bu bolsa pilotlaryň dolandyryş takyklygy üçin hakyky synagdyr. “Meniň pikirimçe, bu ýaryşyň açary — takyk dolandyryşy özleşdirmekdir, meselem, topy bellenen nokatda saklamagy başarmakdyr. Bu meniň has köp türgenleşmeli zadym” — diýip, ýaryşyň gatnaşyjysy Saý Hunmin aýtdy.

Dronly gylyçlaşmak we beýleki görkezme çykyşlary hem pes täsir galdyrmady. Hereketlendirijileriň sesi bilen dronlaryň dürli görnüşleri asmana göterildi we pilotlaryň dolandyrmagynda çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirdiler. Bu bolsa tehniki ýaryşy köp sanly tomaşaçylary özüne çekýän gyzykly howa tomaşasyna öwürdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026