HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýanyň täze ilçisi Martin Bruk Aşgabatda diplomatik işine başlady

Aprel 15, 2026 | 16:20 |5806
Türkmen-italýan dilaogy täze itergä eýe bolýar: 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi Martin Brukdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdiTürkmen-italýan dilaogy täze itergä eýe bolýar: 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi Martin Brukdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmen-italýan dilaogy täze itergä eýe bolýar: 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi Martin Brukdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Rim şäherine amala aşyran resmi saparynyň dowamynda kesgitlenen ugruň logiki dowamy boldy. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir syýasaty däl, eýsem strategik maýa goýumlaryny hem öz içine alyp, yzygiderli ösýändigini tassykladylar.

Martin Bruk öz işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Aşgabat bilen Rimi baglanyşdyrýan dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdiriljekdigine ynandyrdy.

Taraplar işewür toparlary ýakynlaşdyrmak boýunça amaly ädimlere aýratyn üns berdiler. Şeýle hem, iki ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny we duşuşyklaryny geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.

italy-ambassador-martin-bruck-turkmenistan

Rimde üstünlikli geçirilip, şu günlerde tamamlanan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetli wakasy hökmünde ykrar edildi.

Ikitaraplaýyn gün tertibinden başga-da, Türkmenistan we Italiýa toplanan oňyn tejribä daýanyp, halkara meýdançalarynda, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak meýillerini tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026