HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen okuwçysy mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempionatynyň Aziýa tapgyrynda üstünlikli çykyş etdi

Aprel 13, 2026 | 12:12 |10010
6–11-nji aprel aralygynda Almaty şäherinde FIDE Halkara küşt federasiýasy hem-de Halkara mekdep küşt federasiýasy tarapyndan guralan mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynyň Aziýa tapgyry geçirildi6–11-nji aprel aralygynda Almaty şäherinde FIDE Halkara küşt federasiýasy hem-de Halkara mekdep küşt federasiýasy tarapyndan guralan mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynyň Aziýa tapgyry geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

6–11-nji aprel aralygynda Almaty şäherinde FIDE Halkara küşt federasiýasy hem-de Halkara mekdep küşt federasiýasy tarapyndan guralan mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynyň Aziýa tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aziýanyň 19 ýurdundan 26 topar gatnaşdy.

Abraýly ýaryşda Türkmenistana A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebiniň topary wekilçilik etdi.

шахматы 3

Toparlaýyn ýaryşyň netijeleri boýunça Osman Hamrakuliýew birinji tagtada III orny eýeledi. Bu kategoriýada birinji orun Moskwanyň Kurçatow mekdebiniň ýaş halkara ussady Roman Şogjiýewe degişli boldy (FIDE reýtingi — 2399).

Osman A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy bolup, 5 ýaşyndan bäri küşt bilen meşgullanýar. Onuň tälimçisi grossmeýster Maksat Atabaýew.

шахматы 2

Her toparyň düzümine dört esasy oýunçy, bir ätiýaçdaky oýunçy we bir kapitan (uly ýaşly) girýärdi. Ýaryşyň şertlerine görä, her toparyň düzüminde azyndan bir oglan we bir gyz bolmalydy. Bäsleşige 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwary - 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda doglan türgenler gatnaşdylar.

Oýun tapgyrlaryndan başga-da, ýaryşyň maksatnamasyna grossmeýsterler we tälimçiler tarapyndan geçirilen ussatlyk sapaklary, mugallymlar we ene-atalar üçin bilim sessiýalary, interaktiw çäreler hem-de medeni maksatnama hem girizildi.

шахматы 1

Türkmenistanyň bu ýaryşa gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi küşt oýnuny mekdep maksatnamasyna ornaşdyrmak ýurdumyzyň Küşt federasiýasynyň esasy strategik maksatlarynyň biridir.

Ýaryş baradaky giňişleýin maglumat bilen chess-results.com salgysynda tanşyp bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026