HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

10-njy aprelde Aşgabatda “Iňlis dili” dersi boýunça V halkara internet olimpiadasy başlar

Aprel 08, 2026 | 17:40 |5973
10-njy aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça V halkara internet olimpiadasynyň dabaraly açylyşy bolar10-njy aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça V halkara internet olimpiadasynyň dabaraly açylyşy bolar
Çeşme: education.gov.tm

10-njy aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça V halkara internet olimpiadasynyň dabaraly açylyşy bolar. Halkara bäsleşige hasaba alnan 32 döwletiň arasyndan 15 ýurduň wekili bolan 48 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ýüzlerçe zehinli talyplary öz bilimlerini synarlar.

Olimpiada 10-11-nji aprel aralygynda bellenen tertipde we Düzgünnama esasynda dowam eder. Onuň dabaraly açylyşy institutyň uly mejlisler zalynda ýerli gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilip, daşary ýurtly talyplar bolsa döwrebap sanly platforma arkaly onlaýn formatda meýdança birleşerler. Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar iňlis diliniň nazaryýeti we amaly ulanylyşy boýunça özara bäsleşip, özleriniň intellektual ukyplaryny we dil baýlyklaryny görkezerler.

Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bu dabaraly halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, gatnaşyjylar üçin amatly sanly gurşawy döretmek hem-de bäsleşigiň netijeliligini üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleri doly tamamlandy.

Bu halkara bäsleşik ýaşlaryň diňe bir dil baradaky bilimlerini kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-mugallymçylyk gatnaşyklarynyň täze köprülerini gurmaga, özara tejribe alşylmaga we ýaşlaryň arasynda dostlukly aragatnaşygyň berkemegine giň ýol açýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026