HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU-da III halkara matematika olimpiadasy öz işine başlady

Aprel 09, 2026 | 22:28 |5980
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bilelikde Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Hytaý Halk Respublikasyndan okuwçylaryň 170-si gatnaşdyŞu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bilelikde Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Hytaý Halk Respublikasyndan okuwçylaryň 170-si gatnaşdy
Çeşme: education.gov.tm / tdu.edu.tm

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bilelikde Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Hytaý Halk Respublikasyndan okuwçylaryň 170-si gatnaşdy. Bu halkara olimpiada gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetler halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 198-si, şeýle hem açylyş dabarasyna takyk bilim ugry boýunça ýurdumyzyň ussat mugallymlary bilen bir hatarda, ady agzalan ýurtlardan gelen mugallymlaryň 28-si, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Нalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplaryndan we tejribeli mugallymlardan ybarat bolan habarçylar toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasynyň eýwanynda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, mekdep durmuşy we okuwçy ýaşlaryň üstünlikleri, taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlary, kitaplar bilen tanyşdyrýan özboluşly sergi hem guraldy.

Dabarada türkmen dilinde hem-de bäsleşige gatnaşyjy döwletleriň dillerinde ýaňlanan aýdymlar sungatyň dilinde halklaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmäge çagyryşyň belent nusgasy bolup ýaňlandy.

Olimpiada gatnaşyjylar yglan edileninden soňra, myhmanlar gutlag sözi bilen çykyş etdiler we türkmen topragynda gyzgyn garşylanandyklary üçin ýürek sözlerini beýan etdiler. Dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň ýolbaşçysy – fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti O.Annaorazow gutlag sözi bilen çykyş edip, olimpiada gatnaşyjylara uly üstünlik arzuw etdi.

Şeýle hem, oliampiadany A we B derejelerde geçirmegiň meýilleşdirilendigini, A derejede 15,5 ýaşdan ýokary – 20 ýaşa çenli okuwçylaryň, B derejede bolsa, ýaşy 15,5-dan geçmedikleriň çykyş etjekdigini belledi. Çykyşlaryň barşynda olaryň ýolbaşçy mugallymlary bäsleşigiň guralyşyna ýolbaşçylyk ederler.

Mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhuny günortanlyk nahardan soň, daşary ýurtlardan gelen okuwçylaryň paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna we Bitaraplyk muzeýine baryp görmekleri bilen dowam etdi. Merjen şäherimiziň owadanlygy, arassalygy, köçeleriň we olaryň ýantaraplaryndaky ösüp oturan pürli, saýaly agaçlaryň, näzijek gülleriň tämizligi, güneşli asman myhmanlarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Mekdep okuwçylarynyň III Halkara matematika olimpiadasy 13-nji apreline çenli öz işini dowam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026