HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aprel 07, 2026 | 00:35 |8670
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygryna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnaldy2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygryna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnaldy
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygryna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnaldy.

Bäsleşige «Arkadag» futbol klubynyň janköýerler toparynyň agzalary we Türkiýede bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdy. Bu sport çäresi, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkemegine hem-de talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Анкарa-футбольный-турнир

Bäsleşige gatnaşyjylar, sport çäresiniň dowamynda diňe bir ýokary derejeli sport ukyplaryny däl, eýsem toparçylyk ruhuny hem görkezdiler. Bäsleşik jemleýji duşuşyk bilen tamamlanyp, oňa gatnaşan tomaşaçylarda täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda, ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan sowgatlary gowşuryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026