Hytaýyň oba hojalyk tehnologiýasyndaky bäsleşigi dronlar we robotlaşdyrylan itler arkaly 40 million gektardan gowrak daglyk ýerleri özleşdirmäge gönükdirilýär
Hytaý oba hojalygynyň mehanizasiýalaşdyrylmagyny çaltlandyrýar. Bu iş dronlar we robotlaşdyrylan itler arkaly amala aşyrylýar hem-de ýurduň barmasy kyn bolan 40 million gektardan gowrak daglyk ýerlerini özleşdirmäge gönükdirilýär. Bu üýtgeşme azyk howpsuzlygyna, oba zähmet bazaryna we dünýäniň agrotehnologiýa ugrunda bäsleşigine täsir edip biler.
Guandun welaýatyndaky ýurduň intellektual oba hojalyk tehnologiýalary babatda işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan XAG kompaniýasynyň ştab-kwartirasynda täze dron modelleri aerodinamik turbalarda, kompýuter we foto barlaghanalarda intensiw synaglardan geçirilýär. Bu işler olaryň durnuklylygyny, “akyl” mümkinçiliklerini we görüş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Inženerler dronlaryň görüş ulgamyny hem kämilleşdirýärler. Öň 10 santimetr töweregi ölçegdäki şekilleri tapawutlandyryp bilýän enjamlar indi 1 santimetrden kiçi obýektleri hem kesgitläp bilýär. Bu bolsa olaryň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär.
“Daglyk ýerlerde ulanyş ýagdaýlaryny öwrenmeli. Bu ýerde päsgelçilikleriň sany düzlük ýerlerden iki esse köpdür: elektrik liniýalary, beýik we pes ýerler hem-de beýleki kiçi päsgelçilikler bar. Şonuň üçin has güýçli hasaplaýyş we görüş mümkinçilikleri zerur,” - diýip, kompaniýanyň algoritm inženeri Çžen Lisýan aýtdy.
2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk meýilnama laýyklykda Hytaý ýakyn bäş ýylda ösümlikçilikde mehanizasiýanyň derejesini 80 göterimden ýokary galdyrmagy maksat edinýär. Bu görkeziji öňki meýilnamanyň ahyryndaky derejeden 3,3 göterim ýokarydyr. Esasy mümkinçilik bolsa öň elýeterli bolmadyk 40 million gektardan gowrak daglyk ýerlerde jemlenýär. Bular indi inmowasion gün tertibinde merkezi orny eýeleýär.
Hytaýyň günortasyndaky Guançžou şäheriniň töweregindäki Szençen etrabyndaky liçi baglarynda öň ýerleriň deň däl relýefi we dürli derejedäki beýiklikler sebäpli dökünleri deň paýlamak kyn bolupdy.
Bu ýaz möwsüminde bolsa dronlar ýer ýüzüniň görnüşine laýyklykda hereket edip, agaçlaryň arasynda ýokary takyklyk bilen uçup, dökünleri deň paýlaýar. Bu bolsa netijeliligi ýokarlandyrýar, zähmet çykdajylaryny azaldýar we täze mümkinçilikleri döredýär.
Liçi ösdürip ýetişdirýän fermer Lýu Guançžen hem dron uçarmanyna öwrüldi. Ol birnäçe günüň içinde 130 gektardan gowrak meýdany gaýtadan işlemek üçin sargyt aldy.
“Dronlaryň mümkinçilikleri günsaýyn giňelýär. Bu bolsa täze mümkinçilikleri açýar. Dron hyzmatlaryna bolan isleg örän ýokary. Biz işgärlerimizi köpeltmegi we has ýokary hilli hyzmat brendini döretmegi meýilleşdirýäris,” - diýip, ol aýtdy.
Ýerde bolsa alymlar täze döredilen robotlaşdyrylan iti synagdan geçirýärler. Baglaryň galyň şahalary sebäpli adaty tehnikanyň hereket etmegi kyn bolansoň, meýdanlara gözegçilik etmek öň köp wagt we güýç talap edýärdi.
Bu meseläni çözmek üçin alymlar robot itine topragyň ýokumlylygyny seljermek, zyýan berijileri we keselleri anyklamak, ösümlikleriň ösüşini yzarlamak ýaly funksiýalary goşdular. Şeýlelikde ol bagyň içinde erkin hereket edip, her gün gözegçilik geçirýär we awtomatiki hasabat taýýarlaýar.
“Biz häzirki wagtda bu daglyk ýerlerde 20-den gowrak oba hojalyk ekinini kesgitledik we 1300-den gowrak zyýan berijini hem-de keseli 90 göterimden ýokary takyklyk bilen tanap bilýäris,” - diýip, Guandun döwrebap oba hojalyk tehnikasy institutyndan Fen Sýaoçuan aýtdy.
Mart aýynda Hytaý parlamenti 2026–2030-njy ýyllar üçin 15-nji bäşýyllyk meýilnamany tassyklady. Onda innowasiýa ýokary hilli ösüşiň esasy hökmünde bellenilýär, şeýle-de ykdysady ösüş, abadançylyk, “ýaşyl” ösüş we howpsuzlyk bilen birlikde ösdürilýär. Synçylar yzygiderli meýilnamalaryň dowamly ösüş üçin durnukly binýady üpjün edýändigini belleýärler.








