HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda inklýuziw terbiýeçiligiň täze medeniýeti kemala gelýär

Aprel 03, 2026 | 00:58 |11071
Türkmenistanyň Bilim ministrligi UNICEF bilen bilelikde synag inklýuziw bilim maksatnamasynyň çäginde ene-atalary goldamak boýunça giň gerimli başlangyjynyň jemlerini jemledi. Taslama aýratyn zerurlyklara mätäç bolan çagalaryň jemgyýet tarapayndan kabul edilmeginiň açyk dialogdan we maşgalalara professional kömekden başlanýandygyny görkezdiTürkmenistanyň Bilim ministrligi UNICEF bilen bilelikde synag inklýuziw bilim maksatnamasynyň çäginde ene-atalary goldamak boýunça giň gerimli başlangyjynyň jemlerini jemledi. Taslama aýratyn zerurlyklara mätäç bolan çagalaryň jemgyýet tarapayndan kabul edilmeginiň açyk dialogdan we maşgalalara professional kömekden başlanýandygyny görkezdi
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

Türkmenistanyň Bilim ministrligi UNICEF bilen bilelikde synag inklýuziw bilim maksatnamasynyň çäginde ene-atalary goldamak boýunça giň gerimli başlangyjynyň jemlerini jemledi. Taslama aýratyn zerurlyklara mätäç bolan çagalaryň jemgyýet tarapayndan kabul edilmeginiň açyk dialogdan we maşgalalara professional kömekden başlanýandygyny görkezdi.

Bäş hepdäniň dowamynda 100-den gowrak ene-ata çagalar baglarynyň binýadynda döredilen interaktiw sessiýalara gatnaşdylar. Guramaçylar gatnaşyjylaryň psihologiki özgertmelerini esasy üstünlik hökmüde görkezýärler. Ýoluň başynda dürli mümkinçilikleri bolan çagalaryň bilelikde bilim almak babatda köpsünde aladalar döreden bolsa, maksatnamanyň ahyrynda her bir çaga üçin adaptiw gurşawy döretmek ileri tutulýan ugra öwrüldi.

turkmenistan-unicef-inclusive-education-parents-support (2).jpeg

Ene-atalar köplenç hünärmenlere maslahat üçin ýüz tutup, irki ösüş meselelerini açyk maslahatlaşmaga hem-de “oňyn enelik we atalyk” babatdaky şahsy tejribeleri bilen paýlaşmaga başladylar. Şahsy duşuşyklar bilen birlikde, sosial ulgamlarda 22000-den gowrak adamyny öz içine alan umumymilli çäre ýaýbaňlandyryldy.

Maşgalalaryň şahsy hekaýalary, ekseprtleriň pikrileri we maýyplygy bolan adamlaryň tejribesi köpçüligiň uly seslenmesine eýe boldy. Onlaýn-maslahatlaşmalar jemgyýetiň inklýuziwlige bolan islegini tassyklady: ulanyjylar işjeň ýagdaýda maslahatlaryny paýlaşdylar, goldaw berdiler we tutuş ýurt boýunça şeýle hyzmatlaryň giňeldilmegine çagyrdylar.

turkmenistan-unicef-inclusive-education-parents-support (3).jpeg

“Maýyplygy bolan çagalar üçin elýeterli we inklýuziw mekdepler” atly taslamanyň bölegi bolan bu başlangyç, utgaşdyrylan çemeleşmäniň ýaşaýşa ukyplylygyny görkezdi. “Janly” treningleriň we giň media aragatnaşygyň sazlaşygy diňe bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetçilik ýörelgelerini üýtgedip başlamaga mümkinçilik berdi.

Şahsy aýratynlyklaryna garamazdan her bir çaganyň jemgyýet durmuşynyň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde duýup bilýän gurşawyň döredilmegi ýurdumyzyň bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.

turkmenistan-unicef-inclusive-education-parents-support (5).jpeg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026