HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Halk Respublikasy bilen Awstriýa diplomatik gatnaşyklarynyň 55 ýyllygy mynasybetli hyzmatdaşlygy giňeldýär

Aprel 01, 2026 | 18:55 |5050
Çeşme: orient.tm

Sişenbe güni Pekinde Ählihtaý Halk wekilleriniň ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Leszi Awstriýa–Hytaý dostluk assosiasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşdy. Wekiliýete Awstriýanyň Federal geňeşiniň başlygy Markus Ştotter ýolbaşçylyk etdi.

Çžao Leszi iki döwletiň baştutanlarynyň strategiki ýolbaşçylygy astynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mazmunynyň yzygiderli baýlaşýandygyny we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol şu ýylda Hytaý bilen Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 55 ýyllygynyň bellenilýändigini ýatlatdy.

Çžaonyň aýtmagyna görä, Hytaý Awstriýa bilen iki ýurduň ýokary ýolbaşçylygy tarapyndan gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Taraplar şol bir wagtyň özünde biri-biriniň esasy bähbitlerini we möhüm meselelerini göz öňünde tutarlar.

Aýratyn üns täze hyzmatdaşlyk ugurlaryna — hususan-da “ýaşyl” özgertmelere we sanly ykdysadyýete gönükdiriler. Mundan başga-da, Hytaý medeni alyş-çalyşlary we adamlar arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegi, özara düşünişmegi ýokarlandyrmagy, köptaraplylygyň ýörelgelerini goramagy we dostlukly strategiki hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny öňe sürmegi maksat edinýär.

Ählihtaý Halk wekilleriniň ýygnagynyň başlygy Hytaýyň awstriýa parlamenti bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny hem aýtdy. Taraplar kanun çykaryjylyk we gözegçilik ulgamlarynda tejribe alyşyp, amaly hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny döretmek ugrunda bilelikde iş alyp baryp bilerler. Şeýle hem Çžao Leszi Hytaýyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli 2026–2030-njy ýyllar üçin 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň esasy ugurlary barada gysgaça maglumat berdi.

Öz gezeginde Markus Ştotter Awstriýanyň Hytaý bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini nygtady. Awstriýa ykdysadyýet we söwda, medeni we ynsanperwer alyş-çalyşlar, kanunçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Ştotteriň aýtmagyna görä, Awstriýa iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmäge çalyşýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026