HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

KOMATEK 2026 ýörite tehnikalar sergisi Stambulda: enjamlar we tehnologiýalar boýunça täzelikler

Aprel 01, 2026 | 18:35 |4602
2026-njy ýylyň 3–6-njy iýuny aralygynda Stambulyň sergiler merkezinde (IFM) 18-nji Halkara KOMATEK sergisi geçiriler. Bu sebitdäki iň iri çäre bolup, ýörite tehnikalaryň, ýol gurluşyk enjamlarynyň we gurluşyk pudagyndaky innowasion tehnologiýalaryň öndürijilerini birleşdirýär2026-njy ýylyň 3–6-njy iýuny aralygynda Stambulyň sergiler merkezinde (IFM) 18-nji Halkara KOMATEK sergisi geçiriler. Bu sebitdäki iň iri çäre bolup, ýörite tehnikalaryň, ýol gurluşyk enjamlarynyň we gurluşyk pudagyndaky innowasion tehnologiýalaryň öndürijilerini birleşdirýär
Çeşme: komatekfuar.com

2026-njy ýylyň 3–6-njy iýuny aralygynda Stambulyň sergiler merkezinde (IFM) 18-nji Halkara KOMATEK sergisi geçiriler. Bu sebitdäki iň iri çäre bolup, ýörite tehnikalaryň, ýol gurluşyk enjamlarynyň we gurluşyk pudagyndaky innowasion tehnologiýalaryň öndürijilerini birleşdirýär.

KOMATEK sergisi diňe bir tehnikalaryň görkezilişi bolman, eýsem professionallar üçin doly ekoulgamdyr. Bu ýerde öňdebaryjy öndürijiler, lizing kompaniýalary we döwlet edaralary tejribe alyşmak hem-de strategiki şertnamalary baglaşmak üçin duşuşýarlar.

Sergi häzirki zaman gurluşygy we dag-magdan senagatynyň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylar şu aşakdaky ugurlar boýunça önümlerini hödürlärler:

• Agyr tehnika: beton we ýol gurluşyk enjamlary, kranlar, göteriji enjamlar we ýük göterijiler.

• Ýöriteleşdirilen enjamlar: burawlaýyş, tunel gurluşygy we peýdaly gazylyp alynýan serişdelerini çykarmak üçin enjamlary.

• Inženerçilik çözgütleri: opalubkalar, gurluşyk sekileri, generatorlar we kompressorlar.

• Komponentler we hyzmatlar: ätiýaçlyk şaýlary, sarp edilýän materiallar we tehniki üpjünçilik hyzmatlary.

Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň gurluşyk pudagynyň wekilleri üçin KOMATEK 2026 dünýä belli brendler bilen göni aragatnaşyk gurmaga, ygtybarly üpjün edijileri tapmaga hem-de iň täze enjamlary we asfalt-beton zawodlaryny iş ýüzünde görmäge mümkinçilik berýär. Sergide aýratyn üns şäher hojalygy üçin niýetlenen ýörite tehnikalara hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk çözgütlerine gönükdiriler.

Has giňişleýin maglumat: komatekfuar.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026