HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Aprel 01, 2026 | 18:08 |327
28-nji martda Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde halkara söwda boýunça bilermen Azat Annadurdyýewiň gatnaşmagynda “Eksport – global bazarlaryň gapysy” atly açyk sapak üstünlikli geçirildi28-nji martda Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde halkara söwda boýunça bilermen Azat Annadurdyýewiň gatnaşmagynda “Eksport – global bazarlaryň gapysy” atly açyk sapak üstünlikli geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

28-nji martda Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde halkara söwda boýunça bilermen Azat Annadurdyýewiň gatnaşmagynda “Eksport – global bazarlaryň gapysy” atly açyk sapak üstünlikli geçirildi. Bu barada TBM habar berýär.

Açyk sapagyň dowamynda eksportyň ykdysady ösüşdäki ähmiýeti, daşary ýurt bazarlaryna çykmagyň mümkinçilikleri we häzirki zaman şertlerinde telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem ol halkara söwda ulgamynda toplan tejribesini paýlaşyp, ýaşlara öz işini ösdürmekde möhüm maslahatlary berdi.

Çärä uniwersitetiň talyplary, ýaş telekeçiler hem-de mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar eksport bilen bagly sowallar bilen ýüzlenip, tejribeli bilermenden amaly jogaplary aldylar. Bu bolsa açyk sapagyň özara pikir alyşma we tejribe paýlaşma meýdançasyna öwrülendigini görkezdi.

HNGU

Çäräniň ýokary derejede guralmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Halkara Nebit we gaz uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi hyzmatdaşlyk etdiler.

Açyk sapak ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmekde, halkara bazarlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we olaryň dünýä derejesindäki ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna itergi bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň geljekde üstünlikli hünärmenler bolup ýetişmegine uly goşant goşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026