HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«ORIENT»-iň 9 ýyllygyna bagyşlanan seminar: «Döwrebap žurnalistikanyň esaslary»

Mart 28, 2026 | 20:14 |5527
Eýýäm dokuz ýyl bäri «ORIENT» habarlar portaly size takyk, barlanan we möhüm maglumatlary ýetirip gelýär. Biz - saýlawyňyz we bildiren ynamyňyz üçin her bir okyjymyza minnetdarlyk bildirýärisEýýäm dokuz ýyl bäri «ORIENT» habarlar portaly size takyk, barlanan we möhüm maglumatlary ýetirip gelýär. Biz - saýlawyňyz we bildiren ynamyňyz üçin her bir okyjymyza minnetdarlyk bildirýäris
Çeşme: orient.tm

Eýýäm dokuz ýyl bäri «ORIENT» habarlar portaly size takyk, barlanan we möhüm maglumatlary ýetirip gelýär. Biz - saýlawyňyz we bildiren ynamyňyz üçin her bir okyjymyza minnetdarlyk bildirýäris.

Biziň bilen bolanyňyz üçin sag boluň. Bu ýyllaryň dowamynda hut siziň ynamyňyz biziň esasy söýegimiz boldy.

«Orient» — bu diňe bir habarlar däldir. Bu töweregimizde bolup geçýän wakalaryň hakyky ýagdaýy, seljermesi we dogruçyl beýanydyr.

Tehnologiýalaryň we emeli aňyň çalt ösýän häzirki zaman dünýäsinde wagtyň bilen aýakdaş gitmek we maglumatlary öz wagtynda almak örän möhümdir. Bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üstüne aýratyn uly jogapkärçilik düşýär.

Biziň bilen galyň — biz bilelikde has köp zady göreris, has köp maglumat öwreneris we geljegiň möhüm maglumat giňişligini bilelikde dörederis.

Şu şanly sene mynasybetli «Orient» redaksiýasy seminar geçirýär, tema: «Döwrebap žurnalistikanyň esaslary»

Seminarymyz işe täze başlaýan habarçylar, žurnalistler we maglumat bilen işlemek ukyplaryny ösdürmek isleýänleriň hemmesi üçin.

Seminarda döwrebap žurnalistikanyň esasy ýörelgeleri, şol sanda maglumatlaryň hakykylygyny barlamak, çeşmeleri seljermek we maglumaty okyjylara dogry ýetirmek ýaly meselelere serediler.

Çykyş edýänler:

Seýli Aryşow

Enejan Kepbanowa

Senesi: 29.03.2026

Wagty: 11:00

Kimler üçin:

— talyplar

— telekeçiler

— mediýa bilen gyzyklanýanlaryň hemmesi

Maglumat bilen işlemek ukyby — geljegiň iň esasy endikleriniň biridir.

Täze bilimleri we hünär gurallaryny öwrenmek pursadyny elden gidirmäň.

Habarlaşmak üçin:

+993 62 18-68-80

Salgysy: S.Türkmenbaşy şaýoly, № 81, TSTB-niň binasy.

Giriş tölegsiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026