HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ozon Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin hyzmatlaryny hödürläpbaşlaýar

Mart 28, 2026 | 13:55 |7239
Öňdebaryjy köpugurlyonlaýn söwda platformalarynyň biri bolan Ozon, Türkmenistanyňýaşaýjylary üçin hyzmatlaryny işe girizýändigi barada habar berýärÖňdebaryjy köpugurlyonlaýn söwda platformalarynyň biri bolan Ozon, Türkmenistanyňýaşaýjylary üçin hyzmatlaryny işe girizýändigi barada habar berýär
Çeşme: ozon

Öňdebaryjy köpugurlyonlaýn söwda platformalarynyň biri bolan Ozon, Türkmenistanyňýaşaýjylary üçin hyzmatlaryny işe girizýändigi barada habar berýär. Häzirki wagtda, ozon.tm platformasynda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynaçagalar harytlaryndan başlap, öý tehnikasyna çenli dürli kategoriýalardan150 milliondan gowrak haryt elýeterlidir.

Ilkinji tapgyrda eltip berme hyzmaty diňe Aşgabat şäherinde elýeterlibolar — müşderiler öz sargytlaryny «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşykbölümlerinden alyp bilerler. Aprel aýyndan başlap, kompaniýa öz logistikimümkinçiliklerini ýurduň beýleki welaýatlaryna giňeltmegi we çaparhyzmatlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Başda, sargydy eltip bermegiň möhleti takmynan 10 güne çeker, geljekdeeltip berme möhleti has gysgalar.

«Şu günden başlap, GDA döwletleriniň millionlarça müşderilerimiziňhataryna Türkmenistanyň ýaşaýjylary hem goşulmagyna biz öränbegenýäris» diýip, Ozon-yň GDA döwletleri boýunça Baş direktoryNatalýa Boer belledi. «Biz ýurdyň elektron söwdasynyň ösüşinde ulymümkinçilik görýäris hem-de platformamyzyň ýerli ilata gündeliksöwdasynda gowy kömekçi boljakdygyna ynanýarys. Munuň üçin bizdedürli görnüşli harytlaryň giň toplumy, elýeter bahalar we ygtybarlyhyzmat ýaly ähli zerur şertler bar».

Ozon öz halkara işini 2021-nji ýyldan bäri işjeň ösdürip gelýär. Häzirkiwagtda kompaniýa öz işini, Türkmenistandan daşary, 10 ýurtda alypbarýar.

Ozon — bu ösen logistik ulgamy bolan köpugurly onlaýn söwdaplatformasydyr. Häzirki wagtda kompaniýa Gazagystan, Ermenistan, Belarus, Russiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa, şeýle hem Hytaý we Türkiýe ýaly ýurtlarda iş alyp barýar. Platformada kitapdan we egin-eşikdenbaşlap, azyk önümleri we saglyk üçin harytlary ýaly 20‑den gowrakkategoriýadan 400 milliondan gowrak haryt teklip edilýär. 65,1 milliondangowrak aktiw müşderi Ozon-yň ösen logistika infrastrukturasynyň üsti bilensargyt edýär, bu bolsa 750 müňden gowrak telekeçä öz harytlaryny Russiýadawe GDA döwletlerinde satmaga mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026