HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat şäherinde bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Mart 28, 2026 | 13:20 |6919
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde, ýurdumyzda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildiTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde, ýurdumyzda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde, ýurdumyzda bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. «Bank-2026» atly bu bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky bilen bilelikde guralyp, bank ulgamynyň wekilleriniň arasynda kubogyň eýesini kesgitlemek maksady bilen geçirildi.

шахматный турнир

Ýaryş Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde halkara küşt düzgünlerine laýyklykda geçirildi.

шахматный турнир

Bäsleşigiň netijeleri boýunça baýrakly orunlar aşakdaky ýaly paýlandy:

Zenanlaryň arasynda:

«Rysgal» PTB — Atbaşyýewa Güljahan Babajanowna — I orun

Türkmenistanyň Merkezi banky — Akmämmedowa Mähri Myradowna — II orun

Türkmen-türk täjirçilik banky — Muhammedowa Jeren Örebaýewna — III orun

шахматный турнир

Erkekleriň arasynda:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky — Geldiýew Aşyrguly Gurbangulyýewiç — I orun

«Rysgal» PTB — Berdiýew Täçmyrat Kadyrowiç — II orun

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky — Öwezow Perman Ýazmyradowiç — III orun

шахматный турнир

Bu ýaryş baýramçylyk çäreleriniň bir bölegi bolup, bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt oýnuny wagyz etmäge, şeýle hem hünär we korporatiw hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berdi.

шахматный турнир

шахматный турнир

шахматный турнир

шахматный турнир

шахматный турнир

шахматный турнир

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026