Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aragatnaşyk ministrliginiň hünär okuw mekdebiniň talyby «Gyz görki saçda, gül tahýasy başda bolar» atly bäsleşikde III orna mynasyp boldy

Mart 25, 2026 | 15:20 |5937
Ýurdumyzyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy senelere beslenýärÝurdumyzyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy senelere beslenýär
Çeşme: orient.tm

Ýurdumyzyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy senelere beslenýär. Gülden görkli, asylly türkmen gelin-gyzlary bolsa, owadan ülkämizde geçýän toý-baýramlaryny bezeýär.

Şonuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda gelin-gyzlaryň arasynda baý many-mazmunly bäsleşikler, medeni-dynç alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Köpçülikleýin medeni çärelere işjeň gatnaşýan we tapawutlanýan zenanlar baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Ýakynda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Merjen Baýramgylyjowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň gurnamagynda geçirilen «Gyz görki saçda, gül tahýasy başda bolar» atly bäsleşigine gatnaşyp III – ornuna mynasyp boldy.

Bäsleşik Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite hünär okuw mekdeplerinde we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan uzyn saçly gyzlaryň arasynda geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026