HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpiniň liderlik ukybyna ýokary baha berdi

Mart 24, 2026 | 02:20 |4501
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň dowamynda dünýäniň iň iri teleýaýlymlarynyň biri bolan Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna giňişleýin beýanat berdi.

Şol söhbetdeşlikden bir bölegi dykgatyňyza ýetirýäris:

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen bizi mähirli dostluk baglanyşdyrýar. Köp ýyllaryň dowamynda biz ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Giň möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrdyk. Sebit we ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak üçin mümkinçiliklerimizi hem-de tagallalarymyzy birleşdirdik. Başlyk Si bilen gatnaşyklarymyz hemişe açyklygy, özara ynanyşmagy hem-de aç-açanlygy bilen tapawutlanýar.

Hytaýyň milli bähbitlerini erjel we aýgytly goramagy, örän möhüm halkara soraglara jogapkärli çemeleşmegi Si Szinpine dünýä derejeli lider hökmünde abraý we hormat getirdi...

Başlyk Siniň halkara işi barada aýdylanda, onuň öňe süren dört sany ählumumy başlangyjyny bellemek isleýärin. Olar Ählumumy howpsuzlyk, Ählumumy siwilizasiýa, Ählumumy ösüş, Ählumumy dolandyryş başlangyçlarydyr. Men bu başlangyçlara ähli adamzat üçin strategik ähmiýetli we möhüm şertler hökmünde garaýaryn. Başlyk Siniň bu dört başlangyjy Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly ählumumy başlangyçlarynyň many-mazmunyna we strategik ugruna laýyk gelýär. Bular biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlyk etmegiň has netijeli şertlerini hem-de mümkinçiliklerini açýar.

Men dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň örän möhüm daýanjy bolan beýik Hytaý döwletini ösdürmekde Si Szinpiniň lider hökmünde aýgytly orny eýeleýändigine ynanýaryn.

Şunuň bilen baglylykda, sözümiň ahyrynda «Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar» diýesim gelýär. Hormatly Si Szinpine — beýik şahsyýet, dünýä derejeli lidere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026