Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we sebit durnuklylygyna ýardam bermäge gönükdirilendir: bilermenleriň pikirleri
Bilermenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etjekdigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň bolsa sebit durnuklylygyny we özara hyzmatdaşlygy ýokarlandyrjakdygyny bellediler.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üç günlük dostluk saparyny bilen sişenbe güni Pekine bardy.
1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri, Hytaý we Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sagdyn we durnukly ösüşini görkezýärler.
Hytaýyň Täjirçilik ministrliginiň maglumatlaryna görä, Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy, iň uly eksport ugry we iň iri importçysydyr.
Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orunda durýan Türkmenistan, Merkezi Aziýadan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy iberýän iň uly üpjünçidir.
Pekindäki Pedagogik uniwersitetiniň Ählumumy we sebitleýin ylmy-barlaglary institutynyň ylmy işgäri Dun Ýu Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň energetika ulgamy bilen birlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
«Bu saparyň energetika hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan simwoliki ähmiýeti bar. Hytaý türkmen gazynyň iň iri satyn alyjysydyr»— diýip, Dun Ýu belledi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri Jahan Babamyradowa Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň tutuş Ýewraziýa sebitiniň durnuklylygyna we ösüşine goşant goşjakdygyny belledi.
«Hytaý — bu diňe bir beýik ýurt, giň we geljegi uly bazarlary bolan kuwwatly ählumumy derejedäki ykdysady hem-de senagat merkezi bolman, eýsem, ygtybarly we ynamdar dostdur. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar Ýewraziýa sebitinde durnuklylygyň we ösüşiň möhüm şertine öwrüldi» diýip, Jahan Babamyradowa aýtdy.
Mundan başga-da iki ýurt bilim we medeniýet ulgamlarynda hem uly üstünliklere ýetdiler.
Taraplar hünär öwretmek boýunça hytaý başlangyjy bolan « Lu Ban ussahanasy» maksatnamasyny çaltlandyrýarlar we özara medeniýet merkezlerini açmak tapgyrynda durýarlar.








