HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmengaz» bilen «CNPC» «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna girişýärler

Mart 22, 2026 | 19:12 |9432
Türkmenistanda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze giň gerimli tapgyryna badalga berildi. Anna güni, 20-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildiTürkmenistanda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze giň gerimli tapgyryna badalga berildi. Anna güni, 20-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze giň gerimli tapgyryna badalga berildi. Anna güni, 20-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şertnama gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynyň çäginde desgalaryň taslamasyny düzmegi we olary doly gurmagy göz öňünde tutýar. Esasy maksat — her ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlamakdan ybaratdyr. Taslama, şeýle hem şonça möçberde gazyň çykarylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan ulanyş guýularyny burawlamagy we abadanlaşdyrmagy öz içine alýar.

Resminamanyň taýýarlanmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda HHR-e amala aşyran saparynyň gönüden-göni netijesi boldy.

Döwlet Baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurduň energetika pudagynyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de strategik häsiýetli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna güýçli itergi bermäge mümkinçilik döreder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pekinde gazanylan ylalaşyklaryň nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarýandygyny hem-de energiýa serişdelerini iberilişiniň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün edýändigini nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026