HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilermen: Aşgabat Pekini sebitde durnuklylygyň we ösüşiň kepili hökmünde görýär

Mart 18, 2026 | 01:30 |439
Çeşme: orient.tm

Ýewraziýada hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasy kemala gelýär we Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar onuň möhüm bölegine öwrülýär. Aşgabat Pekini diňe bir türkmen gazynyň esasy alyjysy däl-de, eýsem sebitdäki durnuklylygyň we ösüşiň kepili hökmünde hem görýär.

Bu barada Türkmenistanyň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri biziň teleýaýlymymyza beren interwýusynda mälim etdi. Bitewi ykbal konsepsiýasynyň iki döwletiň syýasatdaky, ykdysadyýetdäki we medeniýetdäki bähbitlerini nähili birleşdirýändigi barada — bilermeniň teswirlemesinde bellenilýär.

“Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky Bitewi ykbal jemgyýeti — bu iki ýurduň arasyndaky barha çuňlaşýan hyzmatdaşlygy we özara arabaglanşygy şöhlelendirýän konsepsiýadyr. Ol Türkmenistanyň we Hytaýyň bähbitleriniň biri-biri bilen berk baglydygyny, taraplaryň umumy maksatlara ýetmek hem-de umumy wezipeleri çözmek üçin bilelikde işlemelidigini aňladýar.

Bu konsepsiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda, şol sanda syýasy gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar; taraplar özygtyýarlylyk, howpsuzlyk we ösüş meselelerinde biri-birini goldaýarlar. Hytaý tarapy Türkmenistanyň berýän goldawyna ýokary baha berýär. Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Hytaý Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşydyr we iki döwlet hem söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary hem-de maýa goýumlaryny amala aşyrmaga çalyşýar.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlar arkaly bilim, ylym, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklar berkeýär. Umuman alanyňda, bu konsepsiýa Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini we dürli ugurlarda uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga bolan maksatlary nygtaýar” – diýip, Türkmenistanyň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri Jahan Babamyradowa belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026