HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäniň 300-den gowrak kompaniýasy Hytaýyň giňeýän sarp ediş bazaryny özleşdirmek üçin Hançžouda ýygnandy

Mart 17, 2026 | 20:30 |4979
Çeşme: orient.tm

Şu hepde Hytaýyň gündogaryndaky Hançžou şäheri ählumumy söwda merkezine öwrüldi: 85 ýurtdan 300-den gowrak kompaniýa import we sarp ediş meselelerine bagyşlanan iri çärä gatnaşmak üçin Çžeszýan welaýatyna ýygnandylar. Bu çäräniň netijesinde 30 milliard ýuandan (4,35 milliard ABŞ dollary) gowrak şertnamanyň baglaşylmagyna garaşylýar.

Ýekşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrliginiň we Çžeszýan welaýatynyň hökümetiniň bilelikdäki howandarlygynda açylan «Dünýäniň harytlaryny Çžeszýanda satyn alyň, sarp edişi Hançžou bilen höweslendiriň» atly sergi, «Hemmeler üçin uly bazar: Hytaýa eksport» atly ählihalk çäresiniň bir bölegidir. Sergi 20 000 inedördül metr meýdany tutýar ýagny takmynan üç futbol meýdançasyna deň bolup, dünýä öndürijilerine hytaýly alyjylar bilen gatnaşyk gurmak üçin ägirt uly meýdançany hödürleýär.

«Bu Keniýa üçin örän möhümdir. Keniýa dünýäde iň gowy kofeniň, gülleriň we gara çaýyň öndürijisi hökmünde tanalýar. Bu maksatnama keniýa önümleriniň bazara girmegine uly ýardam edýär, Munuň özi biziň üçin zerurdyr» diýip, Keniýanyň ilçihanasynyň geňeşçisi Liwingston Wahuro belledi.

Şu ýyl «Hemmeler üçin uly bazar: Hytaýa eksport» çäresiniň meýdançasybda 100-den gowrak çäre geçiriler, Hançžou ýarmarkasy bolsa import harytlaryna bolan islegi artdyrmak üçin onlaýn we oflaýn platformalary birleşdirer.

«Biz dünýäniň ähli ýurtlaryny öz iň gowy harytlary bilen tanyşdyrmaga we Hytaý bilen söwda hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin amaly ädimleri ätmäge çagyrýarys. Şeýlelikde, dünýäniň ýokary hilli harytlary hytaýly sarp edijileriň gündelik söýgüli önümlerine öwrüler. Şeýle hem Hytaýyň ägirt uly bazarynyň ählumumy ösüşe we özara bähbitli mümkinçilikleriň döremegine ýardam etjekdigine ynanýarys» — diýip, Söwda ministrliginiň Daşary söwda departamentiniň baş direktorynyň orunbasary Sýao Lu aýtdy.

Resmi wekilleriň aýtmagyna görä, çäräniň maksady — Hytaýyň giň sarp ediji bazaryny dünýä harytlary üçin «derweze» hökmünde ulanmak, import bolan islegini höweslendirmek we halkara söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakdyr ybaratdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

00:02 Iýun 21, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026