HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Stiwen Spilberg Forbes žurnalyna görä dünýäniň iň baý meşhur adamlarynyň biri hökmünde ykrar edildi

Mart 19, 2026 | 16:30 |4581
Amerikan kino režissýory Stiwen Spilberg Forbes žurnaly tarapyndan dünýäniň iň baý milliarder meşhur adamlarynyň sanawynda birinji orny eýelediAmerikan kino režissýory Stiwen Spilberg Forbes žurnaly tarapyndan dünýäniň iň baý milliarder meşhur adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi
Çeşme: deadline.com

Amerikan kino režissýory Stiwen Spilberg Forbes žurnaly tarapyndan dünýäniň iň baý milliarder meşhur adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Häzirki wagtda onuň baýlygy rekord derejede 7,1 milliard amerikan dollary diýip bahalandyrylýar. Geçen ýylyň dowamynda kino sungatynyň 79 ýaşly ussady öz baýlygyny 1,8 milliard dollar artdyrmagy başardy.

Spilbergiň üstünligi diňe onuň filmleriniň kassa ýygymlary bilen baglanyşykly däl. Onuň filmleri dünýä boýunça jemi 10 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi. Şeýle-de onuň passiw girdejileriniň möhüm çeşmelerinden biri özboluşly şertnamalardyr: režissýor Universal Studios tematiki seýilgählerinde satylan her bir biletiň nyrhynyň bir göterimini alýar. Bu ýagdaý täze taslamalaryň çykmagyndan garaşsyz ýagdaýda onuň baýlygynyň durnukly ösmegine mümkinçilik berýär.

Spilbergiň döredijilik ýoly dünýä kinosyna birnäçe meşhur eserleri peşgeş berdi. Olaryň arasynda "Äň", "Ýura döwrüniň seýilgähi", "Şindleriň sanawy" hem-de meşhur Indiana Jons baradaky kinolar toplumy bar. Soňky ýyllarda hem režissýor ýokary döredijilik işjeňligini saklaýar. Onuň soňky işleri bolan "Westsaýd hekaýasy" we "Fabelmanlar" awtobiografik dramasy tankytçylar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, onuň häzirki zaman kinosynyň öňdebaryjy režissýorlarynyň biri hökmünde abraýyny tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026