HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft-yň emeli aňy lukmanlaryň görkezmelerini seljermegi we saglyk boýunça maslahat bermegi öwrendi

Mart 16, 2026 | 06:20 |4772
Microsoft korporasiýasy Copilot Health atly innowasion guraly hödürledi. Bu emeli aňyň esasynda işleýän şahsy kömekçi bolup, ol çylşyrymly lukmançylyk maglumatlaryny seljerip, olary ulanyjy üçin düşnükli dilde düşündirip bilýärMicrosoft korporasiýasy Copilot Health atly innowasion guraly hödürledi. Bu emeli aňyň esasynda işleýän şahsy kömekçi bolup, ol çylşyrymly lukmançylyk maglumatlaryny seljerip, olary ulanyjy üçin düşnükli dilde düşündirip bilýär
Çeşme: dzen.ru

Microsoft korporasiýasy Copilot Health atly innowasion guraly hödürledi. Bu emeli aňyň esasynda işleýän şahsy kömekçi bolup, ol çylşyrymly lukmançylyk maglumatlaryny seljerip, olary ulanyjy üçin düşnükli dilde düşündirip bilýär. Hyzmat lukmanlaryň ýazyp beren görkezmelerini, analiz netijelerini düşündirip hem-de şahsy maslahatlary berip bilýär.

Copilot Health hyzmatynyň esasy aýratynlygy — dürli çeşmelerden gelen maglumatlary birleşdirip bilmegidir. Ulanyjynyň razylygy bilen ulgam elektron lukmançylyk kartlaryndaky maglumatlary, derman kabul edilişi baradaky ýazgylary hem-de Apple Watch ýa-da Fitbit ýaly geýilýän enjamlardan gelýän görkezijileri birleşdirýär. Şol maglumatlaryň esasynda emeli aň alamatlary gözegçilikde saklamaga kömek edýär we adamyň saglyk ýagdaýyna laýyk maslahatlary berýär.

Maglumatlaryň howpsuzlygy hyzmat döredilende esasy ileri tutulýan ugur boldy. Ulanyjylaryň lukmançylyk maglumatlary ygtybarly şifrlenýär we Copilot-yň umumy çatlaryndan doly aýry saklanýar. Şahsy maglumatlary goramak üçin CLEAR hyzmaty arkaly berk identifikasiýa we maglumatlary geçiriş wagtynda şifrlemek ulanylýar.

Möhüm tarapy, ýazgylar taryhy we lukmançylyk maglumatlary Microsoft kompaniýasynyň neýro torlaryny taýýarlamak üçin ulanylmaýar. Ulanyjylar öz maglumatlarynyň doly gözegçiligini saklaýarlar: lukmançylyk maglumatlaryny islän wagtda redaktirläp ýa-da düýbünden pozup bolýar.

Täze hyzmat aýratyn hem yzygiderli gözegçiligi talap edýän dowamly keselleri bolan adamlar üçin peýdaly bolar. Gural eýýäm 50 müňden gowrak hassahanalaryň we barlaghanalaryň maglumatlary bilen integrirlenildi. Taslamanyň işe goýberilmegi ilki bilen ABŞ-da tapgyrlaýyn başlar, soňra bolsa beýleki ýurtlara giňeldilip, goşmaça mümkinçilikler üçin tölegli abuna girizmek meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026