HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda dünýäniň ilkinji beýni-kompýuter interfeýsli inwaziw lukmançylyk enjamy makullandy

Mart 14, 2026 | 17:00 |4522
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Milli lukmançylyk enjamlaryny dolandyryş müdirligi dünýäniň ilkinji beýni-kompýuter interfeýsli inwaziw lukmançylyk enjamynyň bazara çykarylmagyny makullady. Bu enjam beýniniň berýän yşaratlaryny we signallaryny ulanmak arkaly ysmaz keseline uçran näsaglaryň el hereketlerini dikeltmeklige goşmaça mümkinçilikleri döredýändir.

“Eliň hereketini dikeltmek üçin beýni-kompýuter interfeýsli oturtma (implant) ulgamy” diýlip atlandyrylýan enjam, oňurga ýiligine şikes ýetmegi netijesinde dört agzasy ysmaz bolan näsaglar üçin niýetlenendir. III derejeli lukmançylyk enjamlaryň hataryna girýän bu ulgam beýni yşaratlaryny we signallaryny edil häzirki wagtda okap we seljerip, näsaglaryň zady tutmak üçin ellerini hereketlendirmäge kömek edýär.

Resmileriň bellemegine görä, bu tehnologiýa dünýä lukmançylygynda möhüm kliniki öňegidişlikdir. Häzirki wagtda Hytaýda oňurga ýiligine şikes ýeten näsaglaryň sany 3 milliondan 700 müňden geçýär we ýylda bu kesele uçran näsaglaryň 90 müň sanysy hasaba alynýar.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, beýni-kompýuter interfeýsli lukmançylyk enjamlary adaty maksatly tehnologiýalardan tapawutlylykda beýni signallaryny edil häzirki wagtda seljermek bilen, daşarky enjamlar bilen sazlaşyp, özara işlemegini üpjün edýändir we şeýle enjamlaryň ulanyşa goýberilmegi berk döwlet gözegçiliginden geçirilýändir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026