HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Ýaponiýa atçylyk sporty babatda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Mart 14, 2026 | 18:38 |6809
Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşdyTürkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşdy.

«Akhal-teke Affinity Co. LTD» jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoeniň gatnaşmagy duşuşyga aýratyn mähirli ruh berdi. Bu ýagdaý şahsy yhlas bilen başlanan işiň döwletara hyzmatdaşlygyň derejesine çykyp bilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Duşuşyga Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Takuma Miýadzi hem-de ýapon atşynaslary gatnaşdylar.

13032026-turkmenistan-japan-akhal-teke-horses-tokyo.jpeg

Duşuşygyň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän giň gerimli çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň atçylyk pudagyndaky döwlet syýasaty bilen tanyşdyryldy. Ýapon bilermenleri bilen bilelikde atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soňra gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän Ahalteke bedewiniň heýkeline baryp gördüler. Dünýäniň iň tehnologik paýtagtlarynyň biriniň merkezinde şeýle ýadygärligiň bolmagy hakyky gözelligiň we milli däpleriň hemişe mizemez baýlyk bolup durýandygyny açyp görkezýär.

turkmenistan-japan-akhal-teke-horses-tokyo (1).jpeg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026