HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý esasy pudaklarda we täze ugurlarda kanunçylygy berkider

Mart 13, 2026 | 16:23 |164
Çeşme: orient.tm

Hytaý 2026-njy ýylda esasy pudaklary, täze we daşary ýurt bilen baglanyşykly ugurlary öz içine alýan has netijeli kanunçylygy we düzgünnamalary işläp düzmegi meýilleşdirýär diýip, Hytaýyň Adalat ministri He Run hepdäniň penşenbe güni habar berdi.

Ministriň sözlerine görä, bu ýyl kanunçylyk işleri dört ugurda öňe sürüler. Onuň maksady hukuk düzgünleriniň özgerişlikleriň, ösüşiň we durnuklylygyň talaplaryna has laýyk gelmegini üpjün etmek hem-de jemgyýetçilik adalaty we deňligini pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Ilki bilen, bir bitewi milli bazaryny döretmek üçin düzgünnamalary kabul etmek, ýerli derejede goragdan peýdalanmak, düzgünden daşary aýlawly ýollar bilen bazara girmekligiň öňüni almak hem-de güýçli bäsdeşlik ýaly meselelere üns berler.

Ikinjiden, kanunçylyk ylmyny we tehnologiýa innowasiýasyny ösdürmeklige üns berler. Bu ýyl emeli intellekt we pes belentlikli ykdysadyýet ýaly ugurlarda kanunçylyk işleri çaltlandyrylar. Ýol howpsuzlygy boýunça kanuna üýtgeşmeler hödürlener hem-de howa giňişligini dolandyrmak üçin düzgünnamalar taslamasy işlenip düzüler.

Üçünjiden, kanunlaryň ilatyň durmuş taýdan goralmagyny we umumy abadançylygyny üpjün etmekligine üns berler. Azyk, ýaşaýyş, egin-eşik we ulag ulgamlarynda ilatyň has gowy hukuk goragyna bolan talaplary kanagatlandyrylar. Suw üpjünçiligi, derman serişdelerini we ýol-ulag hereketlerini dolandyrmak we ýaşaýyş howpsuzlygy ýaly administratiw düzgünnamalar hem kabul ediler.

Dördünjiden, Hytaý açyklyk ýörelgesini ilerletmek üçin söwda, maýa goýum we gümrük amallaryny ýeňilleşdirýän kanunlaryň we düzgünnamalaryň işlenip taýýarlanmagyny tizleşdirer.

“Iki mejlis” diýlip atlandyrylýan syýasy çäreler – Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň dördünji mejlisi hepdäniň penşenbe güni öz işini jemledi. Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň dördünji mejlisi bolsa çarşenbe güni öz işini tamamlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026