HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde prezentasiýa başarnyklary boýunça açyk sapak geçirildi

Mart 12, 2026 | 21:35 |906
Aşgabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Prezentasiýa başarnyklary” atly açyk sapak geçirildi. Çärä talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de dürli ugurlarda bilim alýan ýaş hünärmenler gatnaşdylarAşgabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Prezentasiýa başarnyklary” atly açyk sapak geçirildi. Çärä talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de dürli ugurlarda bilim alýan ýaş hünärmenler gatnaşdylar
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

Aşgabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Prezentasiýa başarnyklary” atly açyk sapak geçirildi. Çärä talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de dürli ugurlarda bilim alýan ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde gurady.

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti açyk sapak RUPTA Consulting kompaniýasynyň wekili Öwez Gandymow

Açyk sapakda RUPTA Consulting kompaniýasynyň wekili Öwez Gandymow çykyş edip, täsirli prezentasiýa taýýarlamagyň we ony üstünlikli hödürlemegiň esasy usullary barada giňişleýin maglumat berdi. Çykyşda pikirleri ynamly beýan etmegiň, diňleýjiler bilen täsirli aragatnaşyk gurmagyň, beden dilini ýerlikli ulanmagyň hem-de çykyş wagtyndaky tolgunmany ýeňip geçmegiň ýollary barada amaly maslahatlar berildi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar bilen işjeň pikir alyşmalar alnyp baryldy. Sorag-jogap arkaly ýaşlaryň gyzyklanmalary boýunça giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem üstünlikli prezentasiýanyň gurluşy, wizual serişdeleri netijeli ulanmagyň aýratynlyklary hem-de professional çykyş medeniýeti barada mysallar arkaly gürrüň edildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026