HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda “Hytaýda bilim almak” atly HSK ýokary bilim sergisi geçiriler

Mart 12, 2026 | 16:30 |8062
13-nji martda türkmenistanly talyplar üçin ilkinji gezek “Hytaýda bilim almak” atly HSK ýokary bilim sergisi onlaýn görnüşde geçiriler13-nji martda türkmenistanly talyplar üçin ilkinji gezek “Hytaýda bilim almak” atly HSK ýokary bilim sergisi onlaýn görnüşde geçiriler
Çeşme: açyk çeşmeler

13-nji martda türkmenistanly talyplar üçin ilkinji gezek “Hytaýda bilim almak” atly HSK ýokary bilim sergisi onlaýn görnüşde geçiriler. Çäre ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 12:00-a çenli Zoom platformasynda geçiriler we bu çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň goldawy bilen guralýar. Bu barada ilçihana sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi.

Sergä Hytaýyň öňdebaryjy alty uniwersiteti gatnaşar: Pekin uniwersiteti, Şanhaý ulag uniwersiteti, Pekin tehnologiýa instituty, Harbin inženerçilik uniwersiteti, Lançžou ulag uniwersiteti we Guýçžou uniwersiteti. Her bir ýokary okuw mekdebine 30 minut wagt berler. Şol wagtyň dowamynda talyplar üçin niýetlenen talyp haky maksatnamalary, taýýarlyk ugurlary, okuw we ýaşaýyş şertleri, şeýle hem kampuslaryň infrastrukturasy barada maglumat berler.

Ähli çykyşlar rus dilinde geçiriler. Tanyşdyryş çykyşlaryndan soň gatnaşyjylar göni ýaýlymda uniwersitetleriň wekillerine öz soraglaryny berip bilerler.

Onlaýn sergä gatnaşmak mugt bolup, gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär. Sergä Zoom arkaly şu maglumatlar boýunça goşulyp bolýar:

ID: 545 492 5555

Giriş kody: HSK2026

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026