HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda kiçi synp okuwçylary üçin rus dili boýunça wideo dersler işe girizildi

Mart 12, 2026 | 15:55 |7493
«Türkmenistan» habarlar portalynda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmäge niýetlenen dersler (70 sany wideo ders) ýerleşdirildi«Türkmenistan» habarlar portalynda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmäge niýetlenen dersler (70 sany wideo ders) ýerleşdirildi
Çeşme: açyk çeşmeler

2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» habarlar portalynda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmäge niýetlenen dersler (70 sany wideo ders) ýerleşdirildi.

Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň howandarlygynda amala aşyrylýar. Okuw materiallary Türkmenistanyň milli okuw maksatnamasyny göz öňünde tutup, Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan döwlet umumybilim berýän mekdepleri üçin taýýarlanyldy.

Wideo dersler oýun görnüşinde taýýarlanan rus dili boýunça didaktiki material bolup durýar. Olaryň mazmuny rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmekde leksiki-grammatiki endikleri kemala getirmäge we kommunikatiw başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary we psihologik ýagdaýlary göz öňünde tutulýar. Her dersiň dowamlylygy 10–15 minutdan geçmeýär, bu bolsa okuw prosesinde saglygy goramaga gönükdirilen çemeleşmä laýyklykda kesgitlenendir.

Dersleriň mazmuny Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rus dili boýunça öňdebaryjy hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. Wideo dersleriň düşürilişinde mugallym hökmünde pedagog hem-de professional teleýaýlym alyp baryjysy A. S. Morozowa gatnaşdy. Wideo dersleriň ýazgysy D. S. Mendeleýew adyndaky «Kwantorium» Mugallymçylyk tehnologiýalar parkynyň studiýasynda alnyp baryldy.

Okuw wideolarynyň we olaryň mazmunlarynyň seljerilmegi Russiýanyň federal döwlet býujet ýokary okuw mekdepleri — A. I. Gersen adyndaky Russiýanyň döwlet mugallymçylyk uniwersiteti hem-de Moskwanyň döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan amala aşyryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdepleriniň beýleki synplary üçin hem şuňa meňzeş wideo dersleri taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Okuw dersleri şu salgydan elýeterlidir: www.turkmenistaninfo.gov.tm/ru/course

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026