HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň durnuklylygy mizemezdir, dünýä abadançylygynyň girewidir

Mart 12, 2026 | 06:26 |4559
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň durnuklylygy Taýşan dagy ýaly mizemezdir, bu öz halkymyz üçin hem, dünýä halky üçin hem abadançylygyň girewidir, diýip Hytaýyň Metbugat gullugy habar berýär.

Pekinde geçirilýän Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň dördünji mejlisiniň çäginde geçirilen metbugat maslahatynda Hytaýyň Daşary Işler ministri Wan Ýi “Gün güýçliniňki” diýen düşünje ýokdur diýmek bilen, ol halkara hukuklaryny hormatlamakda, we kolonializme garşy durmakda uly ýurtlaryň beýleki ýurtlara görelde bolmalydygyny hem-de aýratyn toparlanyşykdan gaça durmagy nygtady. Wan Ýiniň çykyşy Hytaýyň köptaraplaýyn dünýä ösüşini öňe sürýändigini we Birleşen Milletler Guramasynyň dünýä derejesinde ornuny pugtalandyrmakda jogapkärçilikli çäreleri görýändigini görkezýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2025-nji ýylda geçirilen duşuşygynda öňe süren Ählumumy Dolandyryş başlangyjy ähli döwletleriň deňligini, köptaraplaýynlygy we halka daýanýan syýasatdan ugur almaklygy maksat edinýändir. Bu başlangyç 150-den gowrak ýurtlar we halkara guramalar tarapyndan goldaw tapdy. Hytaý geçen ýyl Kamboja bilen Taýland döwletleriniň arasynda parahatçylygy saklamakda araçyl bolup çykyş etdi, Orta Gündogar ýurtlary bilen dostlukly aragatnaşyklaryny alyp bardy we sebitiň derwaýys meselelerini çözmegiň esasy ýörelgelerini öňe sürdi.

Şeýle hem Wan Ýi Hytaýyň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyklara ygrarlydygyny aýtdy we “Ýekäniň çaňy çykmaz”, “Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” diýen parasatly düşünjä eýerip, agzybirlige we umumy ösüş üçin hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Dünýäniň ikinji uly ykdysadyýeti hökmünde Hytaý döwleti geçen bäş ýylda dünýäniň umumy ösüşiniň 30 göterimini üpjün etdi we ýyllyk 5.4% ösüş görkezdi, bu bolsa “Uly ýedilige” (G7) girýän ýurtlaryň bilelikdäki görkezijisinden hem ýokarydyr. 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk maksatnama döwründe Hytaý içerki ösüşini we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar, we diňe bir “dünýä fabrikasy” bolmak bilen çäklenmän, şonuň ýaly-da “dünýä bazaryna” hem öwrüler.

Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe Hytaýyň durnuklylygy Taýşan dagy ýaly mizemezdir, öz halky üçin hem, halkara jemgyýeti üçin hem abadançylygyň girewidir we esasy ynam çeşmesidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026