HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Mart 07, 2026 | 19:50 |7840
1-6-njy mart aralygynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar1-6-njy mart aralygynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

1-6-njy mart aralygynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar.

Bu başlangyç, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» şygar bilen yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy. Çäre sport diplomatiýasyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, şeýle hem watançylyk we milli gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirildi.

Alpinist ýörüşine tejribeli alpinist we toparyň ýolbaşçysy Agajan Öwlýagulyýew ýolbaşçylyk etdi. Alty günüň dowamynda gatnaşyjylar çylşyrymly ugurlary we beýik daglaryň agyr howa şertlerini ýeňip geçip, ýokary taýýarlyk derejesini, agzybirligi we maksada okgunlylygyny görkezdiler.

Agry dagynyň depesine, 5137 metr beýiklige ýetilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, «Arkadag» futbol klubunyň nyşany hem-de 2026-njy ýylyň nyşany dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sport çäresi milli gymmatlyklara, sport üstünliklerine hormatyň nyşany bolup, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany boldy.

Флаг Туркменистана и логотип футбольного клуба «Аркадаг» подняты на высочайшую вершину Турции

Şeýle hem, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldawy bilen, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň we sport janköýerleriniň başlangyjy boýunça Ankara we Antalýa şäherlerinde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler klublarynyň döredilendigini bellemeli.

Bu ädim «Arkadag» futbol klubuna bolan halkara gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen ýaşlarynyň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygyny tassyklaýar. «Arkadag» futbol klubunyň daşary ýurtlarda janköýerleriň sanynyň artmagy türkmen sportunyň abraýynyň ýokarlanýandygyny we onuň halkara giňişliginde barha giňden tanalýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026