HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

CMG habarçysy wakadan ozal Hytaýyň raýatlarynyň Dubaýyň howa menzilinden ewakuasiýa edilmegine kömek etdi

Mart 04, 2026 | 02:33 |4626
CMG habarçysy Dubaý aeroportunda galan Hytaý raýatlaryna kömek etdi. Eýranyň hüjümi netijesinde terminal zeperlendi, dört işgär ýaralandy.CMG habarçysy Dubaý aeroportunda galan Hytaý raýatlaryna kömek etdi. Eýranyň hüjümi netijesinde terminal zeperlendi, dört işgär ýaralandy.
Çeşme: orient.tm

Hytaý media toparynyň (CMG) habarçysy Dubaýyň halkara aeroportunda galan Hytaý raýatlarynyň ewakuasiýa edilmegine ýardam berdi. Bu waka ýekşenbe güni ir ertir — howa menziliniň terminallarynyň birine “waka” diýlip atlandyrylýan sebäbiň netijesinde ujypsyz zeper ýetmezinden öň boldy.

Habarçy gatnawlaryň saklanmagynyň sebäplerini anyklamak üçin howa menziline barypdy. Ol ýerde Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar sebäpli meýilleşdirilen gatnawlary bilen uçup bilmedik birnäçe hytaýly raýatlara duşdy. Şol sebäpli awiakompaniýalar öz işlerini wagtlaýynça duruzmaga mejbur bolupdyrlar.

Ýolagçylar howa menziline sagat 19:00-a az wagt galanda gelendiklerini aýtdylar. Şol wagt olar hasaba alyş nokadynyň ýapykdygyny gördüler. Bu ýagdaý adamlarda howsalalyk döretdi. Ýolagçylaryň biri öz aladalary paýlaşdy: ilki bilen howa menziliniň işgärleri kömek hödürlediler, emma soňra esgerlere meňzeş adamlar peýda bolup, hemmelere ol ýerden gitmegi buýurdylar.

Habarçynyň düşüren wideo ýazgylarynda howa menziliň daşyndaky meýdançalar boş diýen ýaly görünýär — ulaglar örän az. Jemgyýetçilik ulaglary işini öňünden bes edipdir. Ýoluň iki tarapynda diňe polisiýa ulaglary durdy, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň işgärleri bolsa ähli raýat awtoulaglaryna ýoly haýal etmän terk etmekleri barada yşarat berýärdiler.

“Dubai Airports” kompaniýasy Dubaýyň halkara howa menziliniň terminallarynyň birine ujypsyz zeper ýetendigini tassyklady. Adatdan daşary ýagdaýlara garşy çäre görýän toparlar derrew işe başlap, ýagdaýy kadalaşdyrmaga girişdirler. Awiasiýa pudagyndaky çeşmeler “Reuters” agentligine terminala Eýranyň gijeki hüjümi wagtynda zeper ýetendigini habar berdiler.

Dubaýyň media býurosy howa menziliniň dört işgäriniň ýaralanandygyny aýtdy. Olara gyssagly lukmançylyk kömegi berildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026