HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly raýatlar üçin Hytaýyň döwlet talyp haky boýunça okuwa girmek mümkinçiligi açyldy

Mart 03, 2026 | 22:45 |8358
Türkmenistanly raýatlar Hytaýda döwlet talyp haky maksatnamalary boýunça bilim almak üçin arzalaryny tabşyryp bilerlerTürkmenistanly raýatlar Hytaýda döwlet talyp haky maksatnamalary boýunça bilim almak üçin arzalaryny tabşyryp bilerler
Çeşme: açyk çeşmeler

Türkmenistanly raýatlar Hytaýda döwlet talyp haky maksatnamalary boýunça bilim almak üçin arzalaryny tabşyryp bilerler. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Sinszýan Mugallymçylyk Uniwersiteti Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň talyplary üçin HHR-niň döwlet talyp haky maksatnamalary boýunça kabul etmegiň ýörite düzgünlerini neşir etdi.

Uniwersitet Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň esasy mugallymçylyk ýokary okuw mekdebi bolup durýar. Onuň düzüminde 18 fakultet we 13 ylmy-barlag instituty hereket edýär, şeýle hem bakalawr, magistratura we doktorantura maksatnamalary amala aşyrylýar. Jemi 11 ylmy ugur boýunça 72 bakalawr maksatnamasy hödürlenýär.

Talyp haky nämäni öz içine alýar

Hytaýyň döwlet talyp haky şulary öz içine alýar:

• hasaba alyş tölegi;

• okuw tölegi;

• ýaşaýyş jaýy;

• lukmançylyk ätiýaçlandyryşy;

• ýaşaýyş çykdajylary.

Onlaýn hasaba alyş 15-nji marta çenli dowam edýär.

Ilçihanada Türkmenistanyň talyplaryny işjeň ýagdaýda ýüz tutmaga we sebitdäki öňdebaryjy mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleriniň birinde bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdylar.

Kabul etmegiň düzgünleri barada giňişleýin maglumat uniwersitetiň resmi saýtynda ýerleşdirilendir: https://gjjl.xjnu.edu.cn/info/1030/5543.htm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026