HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Toyota "Beýik Ýüpek ýoly" Oraza aýy mynasybetli aksiýa yglan etdi

Fewral 28, 2026 | 00:40 |5865
450 manat möçberindäki arzanladyş sertifikaty aksiýanyň çäginde hyzmatdan peýdalanan ähli müşderilere berilýär we ol hyzmat işlerine, şeýle hem hyzmat wagtynda oturdylýan original ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga degişlidir450 manat möçberindäki arzanladyş sertifikaty aksiýanyň çäginde hyzmatdan peýdalanan ähli müşderilere berilýär we ol hyzmat işlerine, şeýle hem hyzmat wagtynda oturdylýan original ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga degişlidir
Çeşme: Toyota dileri — “Beýik Ýüpek Ýoly” HK

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Türkmenistandaky resmi Toyota dileri — “Beýik Ýüpek Ýoly” HK, “Toyota Central Asia FZE” resmi distribýutorynyň goldawy bilen ýörite hyzmat aksiýasynyň başlanandygyny yglan etdi.

Aksiýanyň çäginde Toyota we Lexus awtoulaglarynyň eýelerine awtoulagy 10 ugur boýunça mugt toplumlaýyn diagnostikadan geçirmek, indiki hyzmaty üçin 450 manat möçberinde arzanladyş sertifikatyny almak hem-de ähli görnüşdäki motor ýaglaryny arzanladylan bahadan satyn almak mümkinçiligi döredilýär.

Aksiýa döwründe “Beýik Ýüpek Ýoly” Toyota hyzmat nokatlarynyň hünärmenleri aşakdaky ulgamlary we düzümleri barlaýarlar:

• howalandyrma we ýyladyş ulgamy;

• akkumulýator batareýasy;

• aýna süpürijileri;

• hereketlendirijiniň sowadyş ulgamy;

• tormoz ulgamy;

• motor ýagy;

• tekerleriň ýagdaýy;

• daşarky we içki yşyklandyryş ulgamy;

• howa süzgüji;

• geçiriji kemerler.

450 manat möçberindäki arzanladyş sertifikaty aksiýanyň çäginde hyzmatdan peýdalanan ähli müşderilere berilýär we ol hyzmat işlerine, şeýle hem hyzmat wagtynda oturdylýan original ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga degişlidir.

Teklibiň möhleti: 2026-njy ýylyň 19-njy fewralyndan 20-nji martyna çenli. Arzanladyş sertifikatynyň möhleti: 2026-njy ýylyň 21-nji martyndan 30-njy iýunyna çenli.

Motor ýaglaryna degişli arzanladyş diňe resmi hyzmat nokatlarynda ýag çalşylanda güýje girýär.

Toyota “Beýik Ýüpek Ýoly” köp ýyllaryň dowamynda hyzmat hiline aýratyn üns berýär we müşderileriň ynamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Oraza aýyna bagyşlanan bu aksiýanyň ýola goýulmagy müşderi hyzmatlaryny ösdürmekdäki nobatdaky ädim bolup, kompaniýanyň diňe awtoulag satuwy arkaly däl-de, eýsem gyzykly hyzmat çäreleri arkaly hem awtoulag eýelerini goldamak islegini tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026