HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Beýik Britaniýa: milli bilimi döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry

Fewral 26, 2026 | 20:50 |7360
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Londonda dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen strategik duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Gepleşiklerde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdiTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Londonda dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen strategik duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Gepleşiklerde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Londonda öňdebaryjy britan uniwersitetleri, bilimiň hilini üpjün etmek boýunça guramalar we halkara bilim kompaniýalary bilen strategik duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Saparyň esasy maksady — halkara hil standartlaryny ornaşdyrmak, dünýä derejesindäki synag merkezlerini açmak hem-de britan nusgasyndaky flagman mekdebi döretmek bolup durýar.

Saparyň dowamynda University College London, University of Cambridge, Oxford EMI, Pearson, şeýle hem Quality Assurance Agency for Higher Education (QAA) ýolbaşçylary we halkara bilim hyzmatdaşlygy boýunça bilermenler bilen duşuşyklar geçirildi.

Hil we halkara akkreditasiýa

Esasy netijeleriň biri QAA bilen geçirilen gepleşikler boldy. Onda halkara hil standartlaryny Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine uýgunlaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa milli uniwersitetleriň halkara akkreditasiýadan geçmegine mümkinçilik döredip, türkmen diplomlarynyň daşary ýurtlarda ykrar edilmegini ep-esli ýokarlandyrar.

Britan mekdebiniň döredilmegi we iňlis dilinde okuw

Kembrijiň bilermenleri bilen Türkmenistanda dörediljek halkara mekdebiň nusgasy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Taslama okuw meýilnamalaryndan başlap, halypa mugallymlary taýýarlamak ulgamyna çenli ähli ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem Oxford EMI bilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň dünýä derejesindäki usullar boýunça iňlis dilinde sapak bermek başarnyklaryny ýokarlandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pearson boýunça sertifikasiýa we synaglar

Pearson kompaniýasynyň baş edarasynda Türkmenistanda Certiport we Pearson VUE synag merkezleriniň toruny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa raýatlara halkara şahadatnamalary ýurt içinde almak mümkinçiligini döreder hem-de hünär başarnyklaryny we dil derejesini tassyklar.

Strategik dolandyryş

University College London bilen geçirilen duşuşykda ýokary derejeli dolandyryş işgärlerini taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Maksat — okuw maksatnamalaryny zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirmek üçin häzirki zaman meýilleşdiriş gurallaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Iş sapary gepleşiklerden anyk amaly ädimlere geçilýändigini görkezdi. Britan tehnologiýalarynyň we standartlarynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň bilim ulgamynyň uzak möhletli ösüş strategiýasynyň berk binýadyna öwrüler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026