HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat bilen Ženewa zenan parlamentarileriniň Sammitini geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Fewral 26, 2026 | 15:35 |6975
Türkmenistan parlamentara dialogynyň global merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagyny dowam etdirýär. 25-nji fewralda Ženewada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Wepa Hajiýew bilen Parlamentara Bileleşiginiň (PB) Baş sekretary Martin Çungongyň arasynda duşuşyk geçirildiTürkmenistan parlamentara dialogynyň global merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagyny dowam etdirýär. 25-nji fewralda Ženewada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Wepa Hajiýew bilen Parlamentara Bileleşiginiň (PB) Baş sekretary Martin Çungongyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy

Türkmenistan parlamentara dialogynyň global merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagyny dowam etdirýär. 25-nji fewralda Ženewada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Wepa Hajiýew bilen Parlamentara Bileleşiginiň (PB) Baş sekretary Martin Çungongyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde Aşgabatda PB-niň Zenan parlamentarileriniň 16-njy Sammitini geçirmek baradaky taýýarlygyň tassyklanmagy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Bileleşigiň ýolbaşçylygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa tarapyndan iberilen ýüzlenmeler resmi ýagdaýda gowşuryldy. Sammiti türkmen paýtagtynda geçirmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe sürlen giň möçberli strategiýanyň — Halkara hukugy ýylyny yglan etmek baradaky teklibiň — yzygiderli dowamydyr.

Martin Çungong Türkmenistanyň başlangyçlaryna doly goldaw bildirip, häzirki döwürde hukuk gün tertibini ilerletmegiň we kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerini berkitmegiň dünýä durnuklylygy üçin aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem “sinergiýa täsiri” meselesine aýratyn üns berildi: soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň başlangyçlary köplenç bitewi çemeleşme bilen çykyş edip, halkara gepleşiklerine goşmaça many we çuňluk berýär.

Geçiriljek sammit diňe bir syýasatda gender deňligini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolman, eýsem inklýuziw ösüşe we institusional durnuklylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň täze medeniýetini kemala getirmekde möhüm ädim bolar. Çärä taýýarlyk işleri eýýäm işjeň tapgyra geçdi, bu bolsa taraplaryň mazmunly we netijeli gün tertibini döretmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026