HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tmcell abonentleri üçin agyz beklemegiň we agyz açaryň wagtyny kesgitlemek hyzmaty elýeterli boldy

Fewral 25, 2026 | 00:45 |8310
Hyzmat ýaşaýan welaýatyňyzy nazara alyp, agyz beklemegiň başlanýan we tamamlanýan wagty barada takyk maglumat berýärHyzmat ýaşaýan welaýatyňyzy nazara alyp, agyz beklemegiň başlanýan we tamamlanýan wagty barada takyk maglumat berýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Şu döwürde milli aragatnaşyk operatory Tmcell (“Altyn Asyr”) abonentlerine mugt “Orazа” hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmatyň kömegi bilen agyz beklemegiň we agyz açaryň wagtyny çalt hem-de aňsat bilmek mümkindir.

Hyzmat ýaşaýan welaýatyňyzy nazara alyp, agyz beklemegiň başlanýan we tamamlanýan wagty barada takyk maglumat berýär. Munuň üçin ykjam telefonynda degişli USSD buýrugyny girizmek ýeterlikdir.

Maglumat almak üçin kodlar:

*0870*1# Ahal welaýaty we Aşgabat, Arkadag şäherleri üçin

*0870*2# Balkan welaýaty üçin

*0870*3# Daşoguz welaýaty üçin

*0870*4# Mary welaýaty üçin

*0870*5# Lebap welaýaty üçin

Hyzmat Oraza aýynyň dowamynda kompaniýanyň ähli abonentleri üçin mugt hödürlenýär. Onuň kömegi bilen dine uýýanlar agyz beklemegiň we agyz açaryň wagtyny öz wagtynda anyklap, bellenilen tertibe laýyklykda agyz beklemegi ýerine ýetirip bilerler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026