HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Anhoi welaýatynda dronlar we robotlar elektrik simlerindäki buzlary aýyrýarlar

Fewral 24, 2026 | 03:14 |4082
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Anhoi welaýatynda öňdebaryjy dronlary we buz aýryjy robot tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gyş şertlerinde elektrik simlerindäki buzlar aýrylýar, bu bolsa elektrik energiýasynyň üznüksiz üpjün edilmegine ýardam berýär.

Dabie daglarynda ýerleşýän dört sany esasy elektrik geçiriji desgalar Ýanszy derýasynyň deltasyny elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Bahar baýramynyň öňüsyrasyndaky sowuk howa akymy ýagyn-ýagmyr, gar, ýokary çyglylyk we pes temperatura sebäpli tok geçiriji simlerde buzlar toplandy.

Tok geçiriji elektrik simlerindäki buzlary aýyrmaklyga 20-den gowrak gözegçilik topary işe çekildi. Ulaglaryň baryp bilmeýän kyn daglyk ýerlerinde işgärler tyýpançak ýodajyklar arkaly enjamlary göterip, 60 metre çenli beýiklige ýetýän sütünlerde barlag işlerini geçirdiler.

Uçarmansyz uçurylýan enjamlaryň Gözegçilik merkeziniň işgäriniň aýtmagyna görä, dron pes görüjilik şertlerinde bäş minudyň içinde bir sütüni barlap, 20-den gowrak suraty alyp ýetişýär. “Dykyz ümürli howada dron awtomatiki usulda uçurylyp, elektrik sütünlerini surata düşürýär, buz ýa-da gar bardygyny barlaýar. Suratlar dessine ulgama iberilýär we emeli intellekt arkaly kemçilikler anyklanýar” diýip, döwlet elektrik ulgamynyň Anhoi kompaniýasynyň wekili Lei Sziaszie düşündirdi.

Dronlar buz aýryjy robotlary howa arkaly geçiriji simlere ýetirýär. Robotlar uzakdan dolandyryş arkaly buzy özbaşdak döwýär. Uzynlygy 20 metre ýetýän buzly sim bir minudyň dowamynda doly arassalanýar.

“Bu usul öňki ýaly sütünlere dyrmaşyp çykyp, simdäki toplanan buzlary taýak bilen kakyp aýyrmakdan has howpsuz we çaltdyr” diýip, Döwlet elektrik ulgamynyň Lu’an elektrik üpjünçilik kompaniýasynyň abatlaýjy hünärmeni Bao Ýuanchun aýtdy.

Agşam wagtynda dronly alnan 400-den gowrak suratlary emeli intellekt tarapyndan bäş minutda seljerilip, ähli döräp biläýjek howplar anyklandy.

Ortaça ýaşy 30-dan kiçi bolan ýaş hünärmenler dronlary, emeli intellekt modellerini we täze tehnologiýaly dolandyryş ulgamlary arkaly elektrik ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edip, işiň netijeliligini ýokarlandyrýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026