HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 2026-njy ýylda kassa girdejileri boýunça dünýäniň öňdebaryjysy boldy

Fewral 22, 2026 | 23:55 |5547
Çeşme: orient.tm

Onlaýn bilet satuw platformalarynyň maglumatlaryna görä, Hytaý Demirgazyk Amerikadan öňe geçip, 2026-njy ýylyň dünýädäki iň uly kino bazaryna öwrüldi. Şenbe gününe çenli toplanylan girdeji 7 milliard ýuana (takmynan 970 million ABŞ dollary) ýetdi, bu bolsa Demirgazyk Amerikanyň 938 million dollarlyk görkezijisinden biraz ýokarydyr.

Ýurtda ýokary kassa girdejileri esasan 15-nji fewralda başlap dowam edýän Täze ýyl baýramçylyklary bilen baglanyşyklydyr. Şu wagta çenli Hytaýda bu döwürde bilet satuwyndan gazanylan girdeji 4,4 milliard ýuandan geçdi, bu bolsa ýurtda şu ýylky umumy girdejiniň ýarysyndan gowragyny düzýär.

Dokuz günlük baýramçylygyň dowamynda tutuş Hytaýdaky kinoteatrlarda dürli žanrlardaky we temalardaky köp sanly blokbasterleriň premýerasy bolup, maşgala duşuşyklary we baýramçylyk şatlygy üçin ajaýyp gurşawy döretdi.

Täze ýyl baýramçylygynda satuw boýunça öňdebaryjy "Pegas 3" filmi boldy. Bu, režissýor Han Hanyň we baş keşpde Hytaýyň iň meşhur komediýa aktýorlarynyň biri Şen Teniň düşen ýaryş baradaky komediýa franşizasynyň üçünji bölümidir. Film çykandan bäri iki milliard ýuandan gowrak girdeji gazandy.

Seriýanyň ilkinji iki filmi 2019-njy we 2024-nji ýyllaryň bahar baýramçylyklary wagtynda çykarylyp, jemi 5 milliard ýuan girdeji getiripdi.

Režissýor Çžan Imouyň şpion trilleri "Scare Out" 701 million ýuan kassa girdejisi bilen reýtingde ikinji orny eýeledi. Onuň yzyndan 577 million ýuan girdeji bilen söweş sungaty baradaky film "Blades of the Guardians: Wind Rises in the Desert" gelýär.

Gündogar hytaý Szýansu welaýatynda dynç alýanlar, bahar baýramy wagtynda kino görmegiň maşgala duşuşyklaryndan we gürrüňdeşliklerden lezzet almagyň meşhur usulyna öwrülendigini aýdýarlar.

"Bahar baýramy tutuş maşgalany birleşdirýän baglanyşykdyr. Bu pursatdan peýdalanyp, maşgalamyz mähirli we şadyýan wagt geçirmek üçin kino görmäge ýygnanyşýar"- diýip, kino tomaşaçylaryň biri Szýan Hun aýtdy.

"Kinoteatrlar doly. Kino zalynda oturyp, gülkiň gurşawynda bolmak, baýramçylygy bilelikde bellemegiň hakykatdanam ajaýyp pursadydyr. Mundan başga-da, kino gitmek tutuş maşgalanyň meşgul bolup biljek işidir. Meniň pikirimçe, Hytaýyň Täze ýylynyň asyl manysy hut şundadyr" - diýip, ýerli ýaşaýjy hanym In aýtdi.

"Biz film görenimizde, hemmämiz bile ýygnanyşýarys we umumy wirtual dünýä aralaşýarys. Film wagtynda gürleşmesek-de, ondan soň pikir alyşyp bilýäris. Bu baýramçylygy bellemek üçin ajaýyp saýlawdyr" - diýip, başga bir tomaşaçy Lo Pinçuan aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026