HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň alymlar topary 6G üçin optiki – simsiz aragatnaşykda dünýä rekordyny goýdy

Fewral 21, 2026 | 18:40 |4790
Çeşme: orient.tm

Hytaýly alymlar optiki süýümli we simsiz torlary birleşdirýän toplumlaýyn ulgamy işläp düzmek bilen, maglumat geçiriş tizliginde täze dünýä rekordyny goýdular. Bu barada hepdäniň çarşenbe güni çap edilen “Nature” žurnalynda habar berildi.

Emeli intellekt maglumatlar merkezleriniň we 6G torlarynyň çalt ösmegi ýokary tizlikli maglumat geçirilişini talap edýär. Şeýle-de bolsa, signal gurluşyndaky we enjamlardaky tapawutlar bitewi infrastruktura esasynda doly utgaşykly aragatnaşygy çäklendirip gelýärdi.

Pekin uniwersitetiniň, Pen Çen laboratoriýasynyň, ShanghaiTech uniwersitetiniň hem-de Milli optoelektronika innowasiýa merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen täze ulgam optiki süýüm arkaly bir kanalda tizligi 512 Gbit/s, simsiz ulgamda bolsa 400 Gbit/s tizlige ýetdi.

Ylmy-barlag işleriniň ýolbaşçy awtory, Pekin uniwersitetinden Wan Sinszýun goşa tertipli ulgamyň geçirijilik çägini aradan aýyrýandygyny, ses päsgelçiliginiň toplanmagyny azaldýandygyny we päsgelçiliklere garşy durnuklylygy ýokarlandyrýandygyny aýtdy. Alymlar topary 6G giň gerimli ulanyjy giriş usulyny synagdan geçirip, 86 kanalda edil häzirki wagtda 8K wideo akymlaryny üstünlikli amala aşyrdy. Bu öňegidişlik häzirki 5G standartyndan on esse ýokary geçirijilik giňligini görkezýändir.

Täze ähli-optiki gurluş energiýa tygşytlylygy, az çykdajy talap etmekligi we giňeldilmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Bu gurluş bar bolan optiki torlar bilen sazlaşykly birleşip, süýümli we ykjam torlaryň has çuň utgaşmagyna ýol açýar.

Alymlar täze ulgamyň 6G düýp beketlerinde we simsiz maglumat merkezlerinde giň mümkinçilikleriniň bardygyny we geljegiň ultra giň zolakly ýokary tizlikli optiki-simsiz aragatnaşyk üçin esas bolup biljekdigini belleýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026