HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda höwürlik robotlara bolan islegler barha artýar

Fewral 21, 2026 | 18:26 |181
Çeşme: orient.tm

Hytaýda emeli intellektli tehnologiýa esaslanýan, eldekileşdirilen öý haýwanlaryna meňzeş kiçi göwrümli höwürlik robotlar giňden ýaýraýar. Ol roborlar adamlar bilen söhbetdeşlik geçirip bilýär, emosional goldawyny berýär.

Pekindäki robot tehnologiýalary dükanynda 20-den gowrak höwürlik robotlar müşderileriň ünsüni çekýär. Bu robotlaryň esasy wezipesi adama edep öwretmek we emosional taýdan goldamakdyr. Şeýle hem köp sanly ene-atalar öz çagalarynyň yzygiderli soraglaryna jogap tapmakda robotlaryň kömeginden peýdalanýandyklaryny belleýärler.

“Uly göwrümli emeli intellektli modeller hökmünde, bu robotyň “aň-düşünjesi” ýokarydyr. Ol köp soraglara jogap bermekde ene-atalaryň ornuny tutup, çaga bilen ýakyndan aragatnaşygy ýola goýup bilýär” diýip, alyjylaryň biri belledi.

Dükanyň müdiri Çžan Lulunyň aýtmagyna görä, bu dükanda dürli ýaş toparlaryna niýetlenen 20-den gowrak emeli intellektli höwürlik robotlar satlyga çykarylan. Ene-atalar olary esasan bilim maksady bilen satyn alýarlar, ýaşlar bolsa özlerine emosional goldaw üçin saýlaýarlar. 500 ýuana (ýagny 72.37 ABŞ dollaryna) golaý bahaly önümler has köp satyn alynýar.

“World Robotics 2025” hasabatyna görä, Hytaý soňky 11 ýylyň dowamynda dünýäde senagat robotlary boýunça iň uly bazar bolup galýar we robototehnika ugrunda 190 müňden gowrak patentler hereket eýändir. Bu görkeziji dünýä derejesindäki umumy patentleriň üçden iki bölegine golaýdyr.

JD.com kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu ugurda ösüş batly depginde dowam edýär. “Biz 100-den gowrak robot öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Geçen ýylky “Double 11” söwda ýarmarkasynda täze tehnologiýa robotlarynyň kategoriýasy boýunça satuw geçen ýyl bilen deňeşdirilende bäş esse artdy” diýip, kompaniýanyň Emeli intellekt bölüminiň müdiri Çžen Siaodan aýtdy.

Bu ýagdaý sarp edijileriň artýan isleglerini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagy netijesinde Hytaýda höwürlik we emeli intellekt ornaşdyrylan robotlaryň çalt ösýändigini görkezýändir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026