HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda mugt mekdebe taýýarlaýyş maksatnamasynyň ornaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Fewral 21, 2026 | 14:55 |8611
20-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde "Göni gürrüň" formatynda duşuşyk geçirildi. Hökümetiň, BMG-niň we ÝUNISEF-iň wekilleri bilim ulgamy üçin strategik ädim bolan ýurdumyzyň ähli çagalary üçin mekdebe çenli bilime elýeterliligi çaltlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar20-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde "Göni gürrüň" formatynda duşuşyk geçirildi. Hökümetiň, BMG-niň we ÝUNISEF-iň wekilleri bilim ulgamy üçin strategik ädim bolan ýurdumyzyň ähli çagalary üçin mekdebe çenli bilime elýeterliligi çaltlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çeşme: unicef.org/turkmenistan

20-nji fewralda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde "Göni gürrüň" formatynda duşuşyk geçirildi. Hökümetiň, BMG-niň we ÝUNISEF-iň wekilleri bilim ulgamy üçin strategik ädim bolan ýurdumyzyň ähli çagalary üçin mekdebe çenli bilime elýeterliligi çaltlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärä bilim, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, degişli edaralaryň we Milli bilim institutynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Halkara tarapyna BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF wekiliýetiniň ýolbaşçysy Jalpa Ratna, şeýle-de sanly aragatnaşyk arkaly goşulan halkara bilermenleri wekilçilik etdiler.

Esasy üns hil taýýarlygyny hemmeler üçin elýeterli etjek nusgalara gönükdirildi:

• 2026-njy ýylyň sentýabryndan: Mugt mekdebe taýýarlaýyş synag maksatnamasynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Ol bir ýyla niýetlenip, gündiziň ýarym günlük iş tertibinde sapaklary göz öňünde tutýar.

• 2027-nji ýylyň sentýabryndan: Maksatnamany synag taslamasynyň netijelerine we durnukly maliýeleşdiriş gurallaryna daýanyp, ýurduň hemme ýerinde tapgyrlaýyn giňeltmek meýilleşdirilýär.

• Ene-atalara goldaw: Gatnaşyjylar maşgalalara kömek maksatnamalarynyň jemlerini we bu goldawy hemişelik esasynda döwlet ulgamyna goşmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çaganyň irki ösüşine maýa goýumlary geljegi iň täsirli maýa goýumy hasaplanýar. Täze başlangyçlar her bir çaga ýaşaýan ýerine garamazdan, deň şertlerde mekdebe çenli ýaokary hilli taýýarlygyny almaga mümkinçilik berýär. Mugt maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagy maşgala býujetiniň maliýe ýüküni ep-esli azaldar hem-de yzygiderli çemeleşme mugallymlara usuly taýdan goldaw bermegi we netijeleriň häzirki zaman yzygiderli gözegçiligini üpjün eder.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar çagalaryň irki ösüşi we ene-atalara goldaw bermek ugruny ösdürmäge bolan ygrarlylyklaryny tassykladylar. Gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan başlangyçlary durmuşa geçirmek we olary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin amaly ädimleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026